Şu ýy­lyň iýu­lyn­da Mar­sa ibe­ril­jek “Per­severance” ro­bo­ty­na ýer­leş­di­ri­len al­tyn gu­tu­jyk kis­lo­rod ön­dü­rer. NA­SA bu sy­na­ny­şygyň oňyn ne­ti­je be­ren ýag­da­ýyn­da, gel­jek­de Gy­zyl pla­ne­ta­da ast­ro­nom­la­ryň zäh­met çek­jek be­ket­le­rin­de peý­da­la­nyl­jak­dy­gy mä­lim et­di. MOXIE at­ly gu­tu­jyk ro­bo­tyň beý­le­ki elekt­ron en­jam­la­ry­nyň tä­sir et­mez­li­gi üçin al­tyn­dan ýa­sa­lyp­dyr. MOXIE-niň ön­dü­ren kis­lo­ro­dy Mar­sa uçu­ryl­jak ra­ke­ta­nyň kis­lo­rod bal­lo­ny­ny yzy­gi­der­li dol­du­rar. Kis­lo­rod ön­dür­ýän teh­no­lo­gi­ýa iş­le­ri­ne ýol­baş­çy­lyk ed­ýän Mi­ha­el Heht adam­la­ryň kos­mo­sa gi­dip, yzy­na sag-aman gaý­dyp gel­mek­le­ri­ni üp­jün ed­ýän ra­ke­ta­la­ry iş­läp taý­ýar­la­ýan­dyk­la­ry­ny aýd­ýar.
MOXIE häz­ir­ki kö­mür­tur­şy ga­zy­ny kis­lo­ro­da öwür­mek üçin kä­mil­leş­di­ril­ýär. Eger bu sy­na­ny­şyk­lar oňyn ne­ti­je be­ren ýag­da­ýyn­da Mar­sa ibe­ri­ler. Iýul­da uçu­ryl­jak “Per­severance” bol­sa, in­di­ki ýy­lyň 18-nji few­ra­lyn­da Gy­zyl pla­ne­ta­da­ky Je­ze­ro kra­te­ri­ne go­nar. On­dan soň­ra “Per­severance” Mars­da­ky top­rak­dan nus­ga­lyk alyp baş­lar. Soň­ra bol­sa, ola­r Ýe­re ge­ti­ri­lip, has iç­gin öw­re­ni­ler.