“Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynyň her bir güni halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen durmuşa geçirilýän işler dünýä nusgalykdyr. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň giň gerime eýe bolmagynda milli Liderimiziň göreldesi möhüm ähmiýete eýedir. Halkymyzyň saglygyna döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde garaýan döwlet Baştutanymyz sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, watandaşlarymyza, aýratyn-da, ýaşlara görelde bolýar.
Milli Liderimiziň sport bilen yzygiderli meşgullanmagy halkymyzda uly şatlyk duýgularyny oýarýar hem-de sporta bolan gyzyklanmany has-da artdyrýar. Sportuň bar ýerinde sagdynlyk, ruhubelentlik, watansöýüjilik, ýokary ahlaklylyk bar. Sport ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde, ýokary ahlakly, giň dünýägaraýyşly şahsyýetler edip ýetişdirmekde uly mekdepdir. Ýaşlaryň haýsy kärde zähmet çekýändigine garamazdan, sport bilen meşgullanmagy endik etmelidigi nygtalýar . Ýaşlaryň sport bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikler yzygiderli döredilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyz iri sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýurduna öwrüldi. Bu babatda 2017-nji ýyl ýatdan çykmajak ýyllaryň birine öwrülip, ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Şol ýyl älem-jahana ýaň salan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçirildi. Ýurdumyzda ýokary netijeli sportuň we köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň giň gerimde ösdürilmegi halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlaryň saglygyny ygtybarly goramaga, olaryň sporta işjeň gatnaşmagyny gazanmaga oňyn täsir edýär. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkarar edilmegi sagdyn we agzybir jemgyýetiň emele gelmegine getirýär. Batly gadamlar bilen öňe barýan ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde häzirkizaman sport toplumlary, stadionlar, döwrebap atçylyk we sport toplumlary gurlup, ulanylmaga berilýär.
Sagdyn durmuş diýlende diňe bir sport däl, eýsem, saglygy goraýyş ulgamy hem öňe saýlanýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda işlenilip düzülen “Saglyk” Döwlet maksatnamasy halkymyzyň saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda we olary netijeli bejermekde uly mümkinçiliklere eýe bolup, halkymyzyň saglygynyň ygtybarly goragyny üpjün edýär. Ýurdumyzda saglygy goraýşy we derman senagatyny ösdürmegiň esasy wezipeleri sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmekden hem-de ösdürmekden, adamlaryň saglygyny berkitmekden, ilkinji lukmançylyk kömegini, maşgala lukmançylygyny hem-de maşgala saglygy goraýyş hyzmatlaryny yzygiderli gowulandyrmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň saglyk ulgamynda amala aşyrylan we aşyrylýan tutumly işler halkymyzyň aýdyň ertirleriniň, ýagty geljeginiň subutnamasydyr. Diňe bir soňky sanlyja ýyllarda bina edilen saglyk ulgamyna degişli binalarda, dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde, Saglyk öýleridir şypahanalarda, sport toplumlarynda we beýlekilerde hyzmatyň ýokary derejesi ýola goýuldy. Bularyň ählisiniň gözbaşynda hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesiniň, üns-aladasynyň durandygy mälimdir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzy, mähriban halkymyzy uly üstünliklere, ösüşlere tarap bedew bady bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, ýurdy abadan bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri has-da rowaç alsyn!
Atajan MYLKYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.