Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasaty umumadamzat bähbitlerine laýyklykda, parahat we bolelin durmuşy üpjün etmek ugrundaky tutumly başlangyçlary öz içine alýar. Milli Liderimiziň halkara başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylyp, ata Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da beýgeldýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan daşary syýasatymyzyň özenini düzýän ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Ýer ýüzünde parahatçylygyň we asudalygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir.
Şeýle hem Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýene iki düzüminiň – Ykdysady we Durmuş geňeşiniň edaralarynyň düzümine girýän Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2021-2025-nji ýyllar döwri üçin we Ösüşiň bähbidine Ylym we tehnika boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2021-2024-nji ýyllar döwri üçin saýlanylmagy Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan adyl daşary we içeri syýasatlarynyň oňyn netijesidir.
Ýurdumyz “Açyk gapylar” syýasatynyň çäklerinde dünýäniň abraýly guramasy hasaplanýan BMG bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Soňky ýyllarda bu hyzmatdaşlyk Milletler Bileleşiginiň esasy agentlikleri we ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykdy. Birleşen Milletler Guramasy ýurdumyzyň dürli ulgamlarda netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine goşýan goşandyna ýokary baha berýär, hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürülýän döredijilikli başlangyçlary tutuşlygyna we doly goldaýar, muňa BMG-niň Baş Assambleýasynyň birnäçe Kararnamalary kabul etmegi hem şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiz bilen BMG-niň Baş sekretarynyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikleriň yzygiderli geçirilip durulmagy, bu gurama bilen gatnaşyklaryň strategik ähmiýetiniň ýokarydygyny görkezýär. Şu ýyl Türkmenistan hem-de BMG üçin möhüm ýyllaryň biridir. Türkmenistan döwletimiz özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň 25 ýyllygyny belleýän bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň döredilenine 75 ýyl doldy. Bu ýubileý seneleriň deň gelmeginiň özi hem ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň, döwletimiziň üstünlikli alyp barýan parahatçylyk dörediji syýasatynyň BMG-niň çäklerinde döwletleriň arasyndaky oňyn gatnaşyklary giňeltmegiň möhüm şerti bolup durýar.
Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň çäklerinde 2018-nji ýylda ýurdumyz 2019-2021-nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna saýlanyldy. Geçen 2019-njy ýylda bolsa, ýurdumyzyň 2020-2022-nji ýyllar döwri üçin Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň, 2020-2024-nji ýyllar döwri üçin Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň we 2020-2023-nji ýyllar döwri üçin Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlanylmagy halkara gatnaşyklaryň üstünliklere beslenýändiginiň ýene bir aýdyň beýanydyr.
Ak mermerli gözel Aşgabadymyz ylalaşdyryjy merkez, dürli ugurlar boýunça ençeme halkara duşuşyklaryň geçirilýän ýeri hökmünde giňden tanalýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy özüniň hakyky manysynda sebitde we dünýäde parahatçylygy saklamak we ony berkitmek maksatlaryna gulluk edýär. Şeýle ösüşler, özgerişler milli Liderimiziň pähim-paýhasy bilen gazanylýar. Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin gije-gündiz alada edýän hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işlerinde rowaçlyk arzuw edýäris.
Aýjemal Rahmedowa,
Aýna Şaýarowa,
Aman Kekilow adyndaky
Mugallymçylyk mekdebiniň
mugallymlary.