Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda “Türkmenistan –
Bitaraplygyň mekany” ýylynyň her bir güni şanly wakalara, toý-baýramlara beslenýär. Halk hojalygynyň ähli pudaklaryndaky ösüşlerde we özgertmelerde bedew bady bar. Ýelden ýüwrük bedewlerimiz ata Watanymyzyň täze eýýamdaky ösüşleriniň nyşanyna öwrüldi. Bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda ösüşleriň we özgertmeleriň özeninde konstitusion özgertmeler ýatyr.
Mälim bolşy ýaly, halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak şanly wakalaryň biri hem “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Konstitusion kanunyň kabul edilmegi bolar. Häzirki günlerde Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň metbugatda çap bolan taslamasyny halkymyzyň ara alyp maslahatlaşmagy, teklipleri öwrenmek bilen baglanyşykly maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň halkdan gelip gowşan teklipleri öwrenmek bilen ýurdumyzyň iki palatadan ybarat boljak Parlamentini Milli Geňeş, onuň wekilçilikli palatasyny Türkmenistanyň Halk Maslahaty, kanun çykaryjy palatasyny bolsa Türkmenistanyň Mejlisi diýip atlandyrmak, olaryň ygtyýarlyklaryny hem-de wezipelerini aýdyňlaşdyrmak barada we beýleki öňe süren teklipleri halkymyz tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Edara-kärhanalarda, geňeşliklerde geçirilýän duşuşyklarda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň haýsy maddalaryna nähili üýtgetmeleriň girizilýändigini, olaryň ýurdumyzy dolandyrmagy kämilleşdirmekde, döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmekde, halkara abraýyny ýokary götermekde ähmiýeti dogrusynda giňden düşündirilýär. Hormatly Prezidentimiziň başyny başlan konstitusion özgertmeleri ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda giň seslenme döretdi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly hem-de öňdengörüjilikli baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkymyzyň zähmet çekmegi, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy hem-de ata-babalarymyzdan gelýän, ynsanperwerlige ýugrulan mukaddes däp-dessurlaryny berk berjaý etmegi üçin ähli şertler döredilýär. Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy dünýäniň iň kuwwatly döwletleriniň, türkmen milletini bolsa dünýäniň iň bagtyýar halklarynyň birine öwürdi.
Ýurdumyzdaky konstitusion özgertmeler halk hojalygynyň hem ösüşleriniň gözbaşyna öwrüler. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” esasynda ähli ugurlary döwrebap we innowasion ösüşler gurşap aldy. Milli Liderimiziň durnukly ösüş syýasatynda sebitleriň ykdysady babatda ýokary depginli ösüşini gazanmak hem-de innowasiýa häsiýetli önümçilikleri döretmek, ekologiýa taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply, daşarky önüm öndürijilerden satyn alynýan önümleriň ornuny tutýan taýýar önümleri öndürmek, olaryň dünýä bazarlaryna çykarylýan möçberlerini durnukly artdyrmak, daşky gurşawy gorap saklamak, ýaşaýyş-durmuş, inženerçilik ulgamlaryny hil babatda ýokary derejede ösdürmek esasy wezipeleriň hatarynda durýar.
Hormatly Prezidentimiziň her bir raýatyň bähbidine gönükdirilen “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesi esasynda ähli pudaklarda täze ösüşler ýolunda degişli işler ýola goýuldy. Ähli ugurlarda sanly ulgam ornaşdyrylyp, täzeçil ösüşleriň gazanylmagy maksat edinilýär. Ýurdumyzy konstitusion özgertmeler bilen täze ösüşlere we belentliklere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!
Yslamberdi TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň uly mugallymy.