Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen döwleti we halky özüniň parahatçylyk söýüjilik hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerine berk eýerip gelýär. Bu ýörelgeler hormatly Prezidentimiziň başyny başlan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň syýasatynda öz beýanyny tapýar. Şonuň esasynda hem türkmen halky ýakyn goňşy ýurtlaryna yzygiderli ynsanperwer kömeklerini berýär.
Ine, şeýle asylly hem-de sogaply çäre hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen mukaddes Oraza aýynda hem amala aşyrylýar. Milli Liderimiziň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli goňşy Owganystan Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwer kömegi berilýär.
Türkmenistan döwletimiz birek-birege kömek bermek ýaly köpasyrlyk däplere eýerip, Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümini ösdürmäge, parahatçylykly durmuşy berkarar etmäge saldamly goşant goşýar. Ýurdumyz goňşy döwletiň halkyna yzygiderli kömek bermek bilen, däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklaýar.
Goňşy döwletleriň arasyndaky netijeli gatnaşyklar, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda alnyp barylýar. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçirijisiniň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we beýleki desgalaryň gurluşygy ýaly giň möçberli taslamalar Owganystanyň ykdysadyýetiniň täzeden galkynmagyna, sebitde parahatçylygyň höküm sürmegine özüniň mynasyp goşandyny goşar.
Hormatly Prezidentimiziň başyny başlan iri ulag-kommunikasiýa taslamalary Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly ýol arkaly kadalaşdyrmaga, tutuş sebitiň durnuklylygynyň we howpsuzlygynyň esaslaryny pugtalandyrmaga, durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegine bahasyna ýetip bolmajak goşant bolup durýar. Şeýle hem Owganystan bilen ylym-bilim hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarynda döwletara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär. Şonuň netijesinde, her ýyl köp sanly owgan talyplary biziň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar.
Milli Liderimiziň oňyn başlangyçlary, durmuşa geçirýän parahatçylykly we açyklyk syýasaty iki döwletiň arasynda ähli ugurlarda dostlugyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň iň gowy däplerine, taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine esaslanýan gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge ýardam edýär.
Jamal MANAÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.