Hindistanyň çäginde smartfonlaryň satuwynda görnetin ösüşler gazanylýar. Mobil telefonlaryň üpjünçiligi 12 göterim artyp, 33,5 milliona ýetdi. Hindistanyň ösüp barýan bazarynda orun almak isleýän daşary ýurtly telefon öndürijiler bu görkezijiden özlerine paý çykardylar.
“Canalys” kompaniýasynyň bilermenleriniň habar bermegine görä, Hindistanyň bazarynda smartfon ýerlemekde öňdeligi Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasy eýeledi. Şu ýylyň birinji çärýeginde onuň görkezijisi 30,6 göterime deň bolup, 10,3 million smartfon eksport etdi. Ikinji orny eýelän hytaýly “Vivo” kompaniýasy degişli döwürde 6,7 million smartfon ýerledi. Ýöne bu kompaniýanyň geçen ýylky görkezijilerine garanyňda, üstümizdäki ýylda ösüşi uludyr. Telefon eksportunda üçünji orny eýelän Koreýa Respublikasynyň “Samsung” kompaniýasy bary-ýogy 6,3 million smartfon satdy. “Realme” kompaniýasy 3,9 million smartfonyň, “Oppo” şereketi bolsa 3,5 million smartfonyň satuwyny amala aşyrdy.
Taýmuhammet TÜÝLIÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.