Hytaýyň elektrik togy bilen işleýän awtoulag öndüriji “Xpeng” kompaniýasy ABŞ-nyň “Tesla” şereketiniň esasy bäsdeşi boldy. Hytaýly kompaniýa özüniň täze “P7 Sedan” kysymly ulagyny tanyşdyrdy. Bu ulag kompaniýanyň önümçiligindäki ikinji ulag görnüşi bolar. Awtoulag bir gezek beriljek zarýad bilen 840 kilometr menzil geçip biler.
Bilermenler Hytaýyň bu ulagyny “Tesla Model 3” ulagynyň esasy bäsdeşi hökmünde görkezdi. Täze ulag “Tesla”-dan 320 kilometr köp menzil geçýändigi bilen tapawutlanýar. Bu ulag 100 kilometr tizlige 4,3 sekuntda ýetip bilýär. Kompaniýanyň beren maglumatyna görä, bu ulagyň Hytaýdaky başlangyç bahasy 229 müň 990 ýuana (takmynan, 36 müň dollar) deňdir.
Döwran ATAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.