“Opel” kompaniýasy “Vivaro-e” atly elektrik energiýasy bilen işleýän mikroawtobusyny tanyşdyrdy. Häzirki wagtda PSA toparyna degişli bolan “Opel” kompaniýasy elektroulaglaryň önümçiligine aýratyn üns berýär. Ýük daşamaga niýetlenen görnüşi hem boljak ulagyň 50 kW/sagatlyk hem-de 75 kW/sagatlyk iki batareýalysy bolar. Olaryň birinjisi bir gezekki zarýady bilen 230 km, ikinjisi 330 km ýol geçer. Batareýasynyň 80 göterim zarýad almagy üçin degişlilikde, 30 we 45 minut ýeterlik. Kuwwaty 136 at güýjüne barabar bolan “Vivaro-e” sagatda 130 km tizlik bilen hereket edýär. Ulagyň 4,6 metr, 4,95 metr we 5,3 metr bolan uzynlykdaky jemi üç görnüşi bar. Ýük göterijiligi 1275 kilograma barabar bolan ulag şu ýylyň güýz aýlarynda müşderilere ýetiriler.