Ge­rekli zat­lar:
iň­ňe, te­men, sim­ja­gaz
ýa-da in­çe­räk çüý
ýap­rak ýa-da ýu­ka­jyk tag­ta
ulu­rak gap (ini 23-30 sm)
mag­nit
Il­ki bi­len iň­ňä­ni mag­ni­te sürt­me­li. Me­ta­ly mag­ni­te ýa­pyş­dy­ryp goý­saň ýa-da süý­ke­seň ol az­da-kän­de mag­nit ýaly dartyş güýçli bol­ýar. Iň­ňä­ni mag­ni­te yzy­gi­der­li 40-50 ge­zek şol bir ta­ra­pa süý­käň! Mag­nit ýok bol­sa, ýüň­den örü­len egin-eşik­le­re süý­kel­se hem ol mag­ni­te öw­rül­ýär.
Soň­ra ga­ba 2,5-3 sm çuň­lu­gyn­da suw gu­ýuň. Ýaň­ky iň­ňä­ni ýap­ra­gyň ýa-da suw­da çüm­me­ýän is­len­dik za­dyň üs­tü­ne ýer­leş­di­riň! Şeý­le­lik­de, iň­ňe bi­len ýap­rak sür­tül­me­si ýok di­ýen ýa­ly az ji­si­miň – su­wuň ýü­zün­de dur­dy. Bir ujy mag­nit­li iň­ňe bol­sa, ýu­waş­lyk bi­len aý­la­nyp, mag­nit­li ujy de­mir­ga­zy­gy, beý­le­ki ujy gü­nor­ta ta­ra­py gör­ke­zer.