Her gün­de di­şi­mi­zi çot­ga­lap ýu­w­ma­ly­dy­gy­myzy hem­mä­miz bil­ýä­ris. Eý­sem, diş çot­ga­sy­ny nä­hi­li aras­sa­la­ma­ly­ka?
Il­ki bi­len, diş çot­ga­sy­ny di­ňe suw bi­len ýuw­ma­ly. Ony aras­sa­la­mak üçin baş­ga aras­sa­laý­jy se­riş­de­le­riň hiç bi­ri­ni ulan­ma­ly däl.
Suw bi­len ma­za­ly ýuw­lan­dan soň­ra aş­ha­na ka­gy­zy­na do­lap go­ýuň! Şeýdilende, onuň üs­tün­dä­ki gö­ze gö­rün­me­ýän bö­le­jik­le­ri ka­gyz özü­ne siň­dir­ýär. Bir­nä­çe sa­gat­dan soň­ra ka­gy­zy aý­ryp, suw bi­len dur­la­ny­ňyz­dan soň­ra ula­nyp bi­ler­si­ňiz.
Diş çotgasyny to­zan­ly we ş.m. si­ňip bil­jek ýer­de goý­maň!
Her gezek ulanylandan soňra, mazaly ýuwup, suwuny başaşak tutup silkmek arkaly guradyň!
Gyz­gyn suw ha­pa­ny has go­wy aras­sa­la­ýar. Gap-gaç­lar ýuw­lan­da gyz­gyn suw­dan peý­da­la­nyl­sa, ýag we beý­le­ki ha­pa­lar aň­sat­lyk bi­len aý­ryl­ýar. Gaý­nan suw diş çot­ga­syn­da­ky mik­rob­la­ry ýok ed­ýär. Diş çot­ga­sy­ny 5 mi­nut çe­me­si gaý­nan su­wa sa­lyp go­ýuň!
Ak sir­ke ga­ry­lan suw­da bir gi­je goý­lan diş çot­ga­sy hem go­wy aras­sa­la­nar.
Unut­maň, her­nä­çe aras­sa­lan­ýan hem bol­sa, diş çot­ga­sy­ny üç aý­dan köp ulan­mak mas­la­hat be­ril­me­ýär!

Taý­ýar­lan Aý­my­rat Hu­daý­ber­di­ýew,
Türk­men oba ho­ja­lyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.