2020-nji ýylyň 1-nji çärýeginde tutuş dünýäde ykjam telefonlaryň 275,8 milliony satyldy. “International Data Corporation” (IDC) seljeriş kompaniýasynyň maglumatyna görä, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, smartfonlaryň satuwy 11,7 göterim pese gaçdy.
“Canalys” seljeriş kompaniýasynyň berýän maglumatyna laýyklykda, 1-nji çärýekde Hytaýda 73 million telefon satuwy amala aşyryldy. “Samsung”, “Huawei”, “Oppo”, “Vivo”, “Xiaomi” we “Apple” ýaly iri elektronika enjamlaryny öndürýän kompaniýalar bu bazaryň öňdebaryjylary hasaplanýar. Häzirki ykdysady şertlerde müşderileriň internet arkaly arzan telefonlary sargyt edýändigi mälim edilýär. Şeýlelikde, bu ýagdaý umuman alanyňda, smartfonlaryň hem bahasynyň arzanlanmagyna getirip biler.
Ykjam telefonlar bazarynda öňdeligi “Samsung” eýeleýär. Ikinji we üçünji orunlarda, degişlilikde, “Huawei” we “Apple” kompaniýalary barýar.
Ýazmyrat Gulmämmedow,
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.