“Google” kompaniýasy “Fuchsia” atly täze amaly ulgamyny taýýarlady. Onuň jisimleriň internet (IoT) bilen sazlaşykly işlejekdigi aýdylýar. Bu barada “Google”-da zähmet çekýän Trawis Geýselbreht maglumat berdi. Geýselbreht täze amaly ulgamyň kiçijik kompýuter bolan “Raspberry Pi 3” bilen işläp biljekdigini we golaýda şeýle enjamlar üçin ulanyşa goýberiljekdigini mälim etdi. “Raspberry Pi” örän arzan bahadan “IoT” kompýuterlerini öndürmegi bilen tanalýar.