Alym­lar ult­ra­ses­den peý­da­la­nyp, uly ji­sim­le­ri uçu­ryp bol­jak usu­ly oý­lap tap­dy­lar. Hü­när­men­ler köp ýyl­dan bä­ri ses tol­kun­la­ry­ny u­lan­mak ar­ka­ly mad­da­la­ry ýo­ka­ry gal­dyr­ma­gyň ala­da­sy­ny ed­ýärler. Em­ma mu­nuň üçin göterilýän ji­si­miň ýaý­ra­ýan ses tol­ku­ny­nyň uzyn­ly­gyn­dan ki­çi bol­ma­gy ge­rek. Ýag­ny diý­seň ki­çi zat­la­ry ses bi­len gö­te­rip bol­ýar. Bra­zi­li­ýa­ly we iň­lis alym­la­ry se­siň öz tol­ku­ny­nyň uzyn­ly­gyn­dan uly ji­sim­le­ri hem gal­dyr­ma­gy ba­şar­dy­lar. Ses tol­ku­nyn­dan 3,6 es­se uly bo­lan po­li­es­ter to­py gö­ter­mek üçin üç sa­ny aý­ra­tyn ses­den peý­da­lan­dy­lar. Se­siň çyk­ýan ýer­le­ri top­ja­ga­zy gö­ter­mä­ge ýet­jek de­re­je­de däl, di­ňe ite­rip bil­jek ýaly ses çy­ka­rar. Deň ara­lyk­lar bi­len ýer­leş­di­ri­len ses­ler bi­le­lik­de he­re­ket eden­dik­le­ri se­bäp­li to­py ho­wa­da sak­la­dy­lar.