Öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa ön­dür­me­gi bi­len ta­nal­ýan “Adi­das” kom­pa­ni­ýa­sy 2017-nji ýyl­da di­ňe ro­bot­la­ryň “zäh­met çek­jek” önüm­çi­lik des­ga­sy­ny gur­ma­gy mak­sat edin­ýän­di­gi­ni mä­lim et­di. Dün­ýä bo­ýun­ça ge­çen ýyl je­mi 301 mil­li­on aýak­gap sa­tan “Adi­das”-yň bu fab­ri­gi “Speed­facto­ry” (tiz­lik fab­ri­gi) diý­lip at­lan­dy­ry­lar. Şeý­le önüm­çi­lik des­ga­sy­nyň Ger­ma­ni­ýa­da hem-de ABŞ-da gu­rul­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar. Sport eşik­le­ri­ni we aýak­gap­la­ry ön­dür­me­gi bi­len ta­nal­ýan ne­mes kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ABŞ-da­ky des­ga­sy At­lan­ta şä­he­rin­de bo­lar. Ol ýer­de, il­kin­ji no­bat­da, her ýyl­da 50 müň kö­wüş ön­dü­ri­ler. Bu gör­ke­zi­ji or­ta möh­let­de 500 mü­ňe ýe­ti­ri­ler. Kom­pa­ni­ýa­nyň mag­lu­mat ber­me­gi­ne gö­rä, ol fab­rik­de ba­ry-ýo­gy 160 adam zäh­met çe­ker. Hä­zir­ki wagt­da öz ata wa­ta­nyn­da önüm­çi­lik des­ga­sy bol­ma­dyk kom­pa­ni­ýa ge­çen ýyl Ger­ma­ni­ýa­da hem fab­rik gur­jak­dy­gy­ny mä­lim edip­di.