Dünýä belli “iPhone” smartfonlary öndürýän “Apple” kompaniýasy önümçiliginiň 20 göterimini Hindistanda amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu meýilnamany Hindistanyň hökümet ýolbaşçylary hem tassyklady.
Hindistanyň metbugat neşirleriniň habar bermegine görä, 2021-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli “Apple” kompaniýasy smartfon önümçiliginiň bir bölegini Hindistanda amala aşyrar. Meýilnama laýyklykda, Hindistanda 5 ýylyň dowamynda 40 milliard dollar möçberinde telefon öndüriler. Meşhur “Apple” kompaniýasynyň önümçiliginiň bir bölegini Hindistana göçürmegi bu ýurduň elektronika önümçiligine goldaw bermek baradaky ýeňillikleri bilen hem baglanyşyklydyr. “Apple” kompaniýasy zerur ýeňillikleri almak üçin her ýyl 10 milliard dollarlyk önüm öndürmeli bolýar. 2019-njy ýylda “Apple” kompaniýasy Hindistanda 0,5 milliard dollarlyk telefon öndürip, 1,5 milliard dollar möçberinde telefon satdy. Bu babatda kompaniýanyň Hytaýdaky görkezijilerine ser salanymyzda, bu ýurtda 2018–2019-njy ýyllarda ortaça 110 milliard dollar möçberinde önüm öndürildi. Bu meýilnama durmuşa geçirilen halatynda Hindistan “iPhone” smartfonlarynyň satylýan esasy merkezine öwrüler.
Serdar GYLYJOW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.