Hal­ka­ra kong­res­ler we mas­la­hat­lar as­so­sia­si­ýa­sy (ICCA) hal­ka­ra mas­la­hat­la­ry­nyň iň köp ge­çi­ril­ýän şä­her­le­ri­niň sa­na­wy­ny taý­ýar­la­dy. Sa­naw­da bi­rin­ji or­ny Fran­si­ýa­nyň paý­tag­ty Pa­riž şä­he­ri eýe­le­di. Ol hal­ka­ra kong­res­le­ri üçin dün­ýä­de iň köp is­leg bil­di­ril­ýän şä­her bol­dy. Pa­riž­de 2019-njy ýy­lyň do­wa­myn­da 237 hal­ka­ra çä­resi ge­çi­ril­di.
Bu ugur­da ikin­ji or­na Por­tu­ga­li­ýa­nyň Lis­sa­bon şä­he­ri my­na­syp bol­dy. Lis­sa­bon bu ugur­da soň­ky ýyl­lar­da 4 bas­gan­çak ýo­ka­ry gal­dy. Ol 190-a go­laý gur­nan hal­ka­ra mas­la­hat­la­ry bi­len Ber­lin, We­na, Sin­ga­pur, Mad­rid ýa­ly şä­her­ler­den öňe saý­lan­dy. Lis­sa­bon sy­ýa­hat­çy­lyk bir­le­şi­gi­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry Pau­la Oli­weý­ra­nyň pi­ki­ri­çe, bu üs­tün­lik ýur­duň en­çe­me ýyl bä­ri dur­mu­şa ge­çir­ýän stra­te­gi­ýa­sy­nyň üs­tün­li­gi­niň ne­ti­je­si­dir. Por­tu­ga­li­ýa­nyň paý­tag­ty sy­ýa­hat­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň ba­ha­la­ry, hi­li we dür­li gör­nüş­li çä­re­le­ri gu­ra­mak tej­ri­be­si­ bilen bag­ly­lyk­da, has amat­ly şert­leri bi­len işe­wür sy­ýa­hat­çy­ly­gyň esa­sy mer­kez­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­di.

Aýsona DURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-
tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.