Dünýäniň elektrik energiýasy bilen işleýän iň uly uçary “eCaravan” ilkinji uçuşyny amala aşyrdy. 9 orunlyk uçar daşky gurşawy hapalamaýandygy bilen tapawutlanýar. Kiçi göwrümli uçary elektrik energiýaly motorlary öndürýän “MagniX” atly şereket işläp taýýarlapdyr. Uçaryň döredilmegine “AeroTEC” şereketi hem goldaw beripdir. Täze öndürilen “eCaravan” “Cessna Caravan 208B” atly uçara elektrik energiýasy bilen işleýän motoryň oturdylan görnüşidir. Onuň kuwwaty 750 at güýjüne barabar. Uçar Kanadanyň Wankuwer şäherinde amala aşyrylan synagda 15 minut uçdy. “MagniX” şereketiniň ýolbaşçysy Roeý Ganzarski “eCaravan” şowly uçuşynyň daşky gurşaw üçin zyýansyz, arzan bahaly, elektrik energiýasyndan peýdalanýan howa gatnawynyň ýakyn geljekde durmuşa geçjekdigini subut edýändigini aýtdy. Ganzarski ulag ulgamynyň, esasan hem, awiasiýa pudagynyň uly özgerişlige taýýar bolmalydygyny aýtdy.
Mundan ozal Angliýanyň “Cranfield Aerospace Solutions” kompaniýasy geçen ýylyň noýabrynda elektrik energiýasy bilen işleýän uçar motorlaryny işläp taýýarlaýandyklaryny, 2023-nji ýylda şeýle uçarlaryň taýýar boljakdygyny mälim edipdi.