Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyjy esasynda 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnama kabul edildi. Munuň özi milli Liderimiziň sport we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, jemgyýetde ekologiýa ýagdaýyny berkitmek ugrunda edýän tagallalaryna halkara derejede ýokary baha berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­nü­ni esas­lan­dyr­mak ha­kyn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň res­mi­na­ma­sy­na dün­ýä­niň äh­li se­bit­le­rin­den di­ýen ýa­ly ýurt­la­ryň köp san­ly­sy aw­tor­daş bo­lup çy­kyş et­me­gi bol­sa, bu baş­lan­gy­jyň örän mö­hüm­di­gi­ne hem-de hä­zir­ki za­man dün­ýä­sin­de uly is­le­ge eýe­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­läp ge­çi­şi ýa­ly, Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni – pa­ra­hat­çy­lyk we raý­daş­lyk, sag­dyn­lyk we ru­hu­be­lent­lik ýa­ly wa­jyp gym­mat­lyk­la­ryň äh­mi­ýe­ti­ni ala­mat­lan­dyr­ýan hal­ka­ra gü­nüň bi­ri­ne öw­rül­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça bu hal­ka­ra gü­nü­niň bel­le­nil­me­gi, ýur­du­myz­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­le­riň, mil­li mak­sat­na­ma­la­ryň we iri tas­la­ma­la­ryň esa­syn­da döw­le­ti­mi­ziň we jem­gy­ýe­ti­mi­ziň baş gym­mat­ly­gy­nyň adam­dy­gy ha­kyn­da­ky ýö­rel­gä­niň äh­mi­ýe­ti­ni ýe­ne-de bir ge­zek äş­gär ed­ýär.
Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da Hal­ka­ra Olim­pi­ýa ko­mi­te­ti we sport fe­de­ra­si­ýa­la­ry bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk­lar ýo­la goý­lup, spor­tuň dürli gör­nüş­le­ri bi­len bir ha­tar­da we­lo­si­ped spor­ty hem ös­dü­ril­ýär.
We­lo­si­ped spor­ty ba­ra­da aý­dy­lan­da bol­sa, hä­zir ol ýur­du­myz­da bar­ha uly meş­hur­ly­ga eýe bol­ýar. Ça­ga­lar we uly ýaş­ly adam­lar üçin we­lo­si­ped sür­me­giň peý­da­sy örän ulu­dyr. Aras­sa ho­wa­da aý­lan­ma­gyň hem-de he­re­ket et­me­giň ne­ti­je­sin­de aýak­lar we el­ler ber­ke­ýär, göw­rä­niň dur­şu­nyň gör­nü­şi, gan aý­la­ny­şy­gy go­wu­lan­ýar.
Ýur­du­myz we­lo­si­ped spor­ty bo­ýun­ça bir­nä­çe hal­ka­ra yk­rar­na­ma­la­ra eýe bol­dy. 2018-nji ýyl­da “Aş­ga­bat” kö­pu­gur­ly sta­dio­nyn­da ge­çi­ri­len we­lo­si­ped spor­ty bo­ýun­ça okuw tür­gen­le­şi­gin­de “We­lo­si­ped spor­ty bo­ýun­ça iň köp­çü­lik­le­ýin sa­pak” hök­mün­de tä­ze dün­ýä re­kor­dy goý­lup, Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di. Bu çä­rä 3 müň 246 adam gat­naş­dy. Şeý­le hem 2019-njy ýy­lyň iýu­nyn­da Aş­ga­ba­dyň Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­de we­lo­si­ped­de iň do­wam­ly, bir ny­zam­ly ýö­riş ge­çi­ri­lip, no­bat­da­ky dün­ýä re­kor­dy tä­ze­len­di. We­lo­si­ped­çi­ler bi­ri-bi­ri bi­len kes­git­li ara­lyk­da bir ha­ta­ra dü­zü­lip, şä­her­çä­niň da­şyn­dan öw­rüm edip, 3 müň 300 metr ara­ly­gy geç­di­ler. Bu ne­ti­je hem Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di.
Şeý­le hem ýur­du­myz­da köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­riş­i­ni ge­çir­mek asyl­ly dä­be öw­rül­di. Bu bol­sa ýur­du­myz­da sport he­re­ke­ti­ni ös­dür­mek bi­len bir­lik­de, ra­ýat­la­ry­my­zyň sport bi­len meş­gul­lan­ma­gy­ny hö­wes­len­dir­ýär. “Türk­me­nis­tan – Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny” ýy­ly­nyň ap­rel aýyn­da Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li, paý­tag­ty­myz­da hem-de we­la­ýat­lar­da köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­riş­ler ge­çi­ril­di. We­lo­si­ped sürmek sag­lygy berkidýär. We­lo­si­ped eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa ulag­la­ryň ny­şa­ny­dyr, tyg­şyt­ly sarp et­me­giň we önüm­çi­li­giň ze­rur­ly­gy hak­da pi­kir­len­mä­ge şert dö­red­ýän ulag gör­nü­şi­dir.
We­lo­si­ped spor­ty bü­tin dün­ýä­de giň­den ýaý­ran hem-de Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň mak­sat­na­ma­sy­na gir­ýän spor­tuň has meş­hur gör­nüş­le­ri­niň bi­ri­dir. Onuň ta­ry­hy 1869-njy ýyl­da Fran­si­ýa­nyň Pa­riž we Ru­an şä­her­le­ri­niň ara­syn­da ge­çi­ri­len il­kin­ji iri ýa­ryş­lar­dan baş­lan­ýar.
Ýur­du­myz­da hem spor­tuň bu gör­nü­şi bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry ge­çir­mek ba­bat­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk ýo­la go­ýul­dy. We­lo­si­ped­çi­le­riň hal­ka­ra bir­le­şi­gi­niň (UCI) mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, 2021-nji ýyl­da We­lot­rek spor­ty bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu sport ýa­ry­şy­nyň ge­çi­ril­me­gi hem mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gyç­la­ry­nyň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan yk­rar edil­ýän­di­gi­niň we ýo­ka­ry ba­ha be­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy bo­lup dur­ýar.

Nur­sol­tan BAÝ­RAM­DUR­DY­ÝE­WA,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.