Dünýä ykdysadyýetiniň häzirki wagtdaky ösüş aýratynlyklary köp babatda maliýe-bank ulgamynyň döwrüň ýüze çykarýan şertlerine çeýeden tiz uýgunlaşyp bilýändigine, durnuklylygyna, işiň täze, has önjeýli usullaryny we tärlerini özleşdirip bilşine, öz işinde iň täze tehnologiýalara we ylmy işläp taýýarlamalara giňden orun bermegine bagly bolup durýar. Bütindünýä ykdysadyýeti ösüşiň täze belentliklerine çykýar. Türkmenistan bütindünýä maliýe-ykdysady gatnaşyklar giňişligine çuňdan-çuň aralaşmak bilen, özüniň milli maliýe-bank ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek işini durmuşa geçirýän öňegidişlikli döwlet syýasatynyň baş ugurlarynyň biri hökmünde saýlap alandyr.
Arkadag Prezidentimiziň ýardam bermegi bilen Türkmenistanyň bank ulgamy milli ykdysadyýetiň pajarlap ösýän pudaklarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň banklarynda iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga, dolandyrmak işini döwrebap ylmy esasda guramaga aýratyn orun berilýär. Müşderilere edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, görnüşlerini köpeltmek, dünýä ülňüleriniň derejesine götermek baş maksat hökmünde bellenilendir. Häzirki döwürde maliýe-bank ulgamyndaky halkara gatnaşyklarynyň gerimi barha giňelýär, hyzmatdaşlygyň mazmuny we hili düýpli özgerýär. Bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň özara bähbitlilik häsiýetiniň milli maliýe ulgamynyň halkara at-abraýyny ýokarlandyrmaga kuwwatly itergi berýändigini bellemek zerur. Çünki, ýurdumyzda öz işine ökde, iň täze tehnologiýalara ezberlik bilen erk edýän, töwerekleýin pikirlenmegi başarýan, döwrüň öňe çykarýan şertlerine hem talaplaryna kybap gelýän milli hünärmenleri taýýarlamak, maliýe-bank edaralarynyň işini hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreler özüniň oňyn netijelerini berýär.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak üçin yzygiderli amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeler bilen bir hatarda maliýe-bank ulgamynda hem düýpli özgertmeler bolup geçýär. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda Türkmenistanyň ”Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň hem mizemez orny we saldamly goşandy bardyr. Türkmenistanyň ”Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň agzybir işgärleri raýatlaryň erkin pul serişdelerini banka çekmek, bank hyzmatlarynyň täze görnüşlerini girizmek üçin irginsiz zähmet çekýärler. Raýatlaryň möhletli goýumlara bolan islegi gitdigiçe artýar. Uzak möhletli goýumlar we olaryň amatly göterim derejeleri biziň bankymyzyň goýumçylarynyň sanynyň yzygiderli artmagyna ýardam berýär.
Milli manadymyzyň hümmetini mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça geçirilýän işler bank ulgamynyň işini özgertmek boýunça belli bir maksada gönükdirilen çäreler banklaryň maýa goýum mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, maliýe binýadyny berkitmäge, bank gözegçiligini kämilleşdirmäge, bank amallarynyň möçberini giňeltmäge, hyzmatlaryň täze görnüşlerini ornaşdyrmaga oňyn täsir edýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ylmy taýdan esaslandyrylan, öňdengörüjilikli ykdysady syýasaty netijesinde amala aşyrylýan maliýe-bank ulgamyndaky özgertmeleriniň ählisi ýurdumyzyň raýatlarynyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga, olaryň ýaşaýyş derejesini dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirmäge gönükdirilendir, bu bolsa, adam baradaky aladanyň hemme zatdan öňde durýandygyny aňladýar.
Gülälek Garajaýewa,
Türkmenistanyň “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň Pensiýa tölegleri we goýum amallary
müdirliginiň başlygy.