Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­da dur­ma­gyn­da oba ho­ja­ly­gy pu­da­gyn­da düýp­li öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Bu pu­da­gyň düýp­gö­ter öz­ge­rdil­me­gi we ös­dü­ril­me­gi ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­nyň bin­ýa­dy­nyň ber­ke­me­gi­ne hem-de hal­ky­my­zy­ň ýaşaýyş-dur­muşy­nyň has-da go­wu­lan­ma­gy­na şert dö­red­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ir­gin­siz ala­da­la­ry­na jo­gap edip, oba zäh­met­keş­le­ri hem ýy­lyň-ýy­ly­na türk­men top­ra­gyn­dan bol ha­syl ön­dür­ýär­ler we ýur­du­my­zyň ösü­şi­ne öz my­na­syp go­şan­dy­ny goş­ýar­lar. Häzirki wagtda oba zäh­met­keş­le­ri­niň öňün­de ýe­ne-de bir gyz­ga­laň­ly dö­wür baş­lan­dy. Ol hem gal­la ora­gy­dyr. “Türk­me­nis­tan – Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny” ýy­lyn­da ba­ba­daý­han­la­ry­myz gal­la­nyň bol ha­sy­ly­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­di­ler. In­di şol ha­sy­ly ýit­gi­siz ýyg­nap, Wa­tan har­ma­ny­na tab­şyr­mak esa­sy we­zi­pe bo­lup dur­ýar. Bu ugur­da ýur­du­my­zyň äh­li ýer­le­rin­de de­giş­li iş­ler ge­çi­ri­lip, gal­la ora­gy­na taý­ýar­lyk gö­rül­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ahal, Ma­ry we Le­bap we­la­ýat­la­ryn­da 5-nji iýun­dan, Da­şo­guz we Bal­kan we­la­ýat­la­ryn­da bol­sa 12-nji iýun­dan gal­la ora­gy­na baş­la­ma­ga ak pa­ta ber­di. Eder­men türk­men gal­la­çy­la­ry­nyň ýy­lyň-ýy­ly­na ak bug­da­ýyň bol ha­sy­ly­ny ýe­tiş­dir­me­gi we aja­ýyp zäh­met ýeň­şi­ni ga­zan­ma­gy hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­my­zyň oba ho­ja­ly­gy­nyň do­lan­dy­ry­ly­şy­ny kä­mil­leş­dir­mek, oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­le­ri döw­let ta­ra­pyn­dan gol­da­mak, bug­da­ýyň bol ha­sy­ly­ny ke­ma­la ge­tir­ýän kä­ren­de­çi­le­ri yk­dy­sa­dy taý­dan hö­wes­len­dir­mek ba­ra­da­ky ýa­daw­syz ala­da­la­ry ne­ti­je­sin­de amal edil­ýär.
Gü­neş­li Di­ýa­ry­myz­da bug­da­ýy sak­la­mak üçin ula­nyl­ma­ga ber­len döw­re­bap ele­wa­tor­lar we önüm­çi­lik top­lum­la­ry hal­ky­my­zyň ak bug­da­ýyň unu­na, çö­re­ge we çö­rek önüm­le­ri­ne bo­lan is­le­gi­ni aň­ry­ýa­ny bi­len ka­na­gat­lan­dyr­ýar. Eder­men gal­la­çy­la­ry­my­zyň çek­ýän asyl­ly zäh­me­ti ne­ti­je­sin­de, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň bi­ze mi­ras go­ýan kä­mil daý­han­çy­lyk tej­ri­be­si hä­zir­ki za­ma­nyň eke­ran­çy­lyk usul­la­ry bi­len ut­gaş­dy­ry­lyp, oba ho­ja­lyk ul­ga­myn­da uly zäh­met ýe­ňiş­le­ri ga­za­nyl­ýar. Gal­la­çy­la­ryň ýa­daw­syz zäh­me­ti döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga, ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny dö­ret­mä­ge, hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­lip, oba­se­na­gat top­lu­myn­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň ge­rim­li öz­gert­me­le­riň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi­ni çalt­lan­dyr­ýar. Ýur­du­myz­da oba zäh­met­keş­le­ri­niň ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li zäh­met çek­me­gi, eke­ran­çy­la­ryň be­re­ket­li ha­syl ös­dü­rip ýe­tiş­dir­me­gi üçin hem­me ze­rur şert­ler dö­re­dil­di. Olar ýo­ka­ry hil­li to­hum, dür­li gör­nüş­li dö­kün­ler, ösüm­lik­le­ri go­ra­ma­gyň hi­mi­ki se­riş­de­le­ri bi­len üp­jün edil­ýär. Oba­se­na­gat top­lu­my­nyň teh­ni­ki taý­dan üp­jün­çi­lik me­se­le­le­ri in­no­wa­si­on esas­da çö­zül­ýär, ýur­du­my­zyň top­rak-ho­wa şert­le­ri­ne iň oňat de­re­je­de ky­bap gel­ýän iň tä­ze gör­nüş­li teh­ni­ka­lar sa­tyn alyn­ýar.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, şu ýyl ýur­du­myz­da 690 müň gek­tar meý­da­na bug­daý ekil­di. Daý­han­lar şon­ça meý­dan­dan 1 mil­li­on 400 müň ton­na bug­daý, şol san­da Ahal we­la­ýa­tyn­da – 400 müň, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da – 345 müň, Le­bap we­la­ýa­tyn­da – 310 müň, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da – 265 müň we Bal­kan we­la­ýa­tyn­da – 80 müň ton­na dä­ne ýyg­nap al­ma­gy mak­sat edin­ýär­ler.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da oba ho­ja­ly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li öz­gert­me­ler hä­zir­ki wagt­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň bu mö­hüm pu­da­gy­ny hil taý­dan tä­ze sep­git­le­re çy­kar­dy. Ýur­du­myz­da tarp ýer­ler öz­leş­di­ril­ýär, ha­syl­ly­ly­gy ýo­kar­lan­dyr­mak we ýer­le­riň me­lio­ra­tiw ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len ze­rur çä­re­ler gö­rül­ýär. Suw se­riş­de­le­ri­niň re­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy­na, to­hum­çy­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne uly üns be­ril­ýär.

Ýag­şy­gül SA­RY­ÝE­WA,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk
uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.