Şwe­si­ýa­nyň, Ger­ma­ni­ýa­nyň we ABŞ-nyň bar­lag ge­çi­ri­ji­le­ri Gre­si­ýa­nyň de­mir­ga­zygyn­da­ky Pind dag­la­ryn­dan ýa­şy 1075 ýy­la ba­ra­bar bo­lan öz­bo­luş­ly bos­ni­ýa sos­na­sy­ny tap­dy­lar. Eks­pe­di­si­ýa­nyň ýol­baş­çy­sy dent­ro­lo­gi­ýa­dan hü­när­men Pol Kru­siç bu ta­pyn­dy­nyň ju­da tä­sin­di­gi­ni ha­bar ber­di.
Bu se­bit­de adam­la­ryň eý­ýäm, 3 müň ýyl­dan gow­rak wagt bä­ri ýa­şa­ýan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, sos­na­nyň yn­san pal­ta­syn­dan go­ra­nyp sak­la­nan­ly­gy geň gal­dyr­ýar. Alym­lar aga­jyň ýyl­lyk hal­ka­sy­nyň kö­me­gi bi­len, onuň eý­ýäm, 1075 ýyl bä­ri ýa­şap gel­ýän­di­gi­ni we hä­zir­ki dö­wür­de Ýew­ro­pa­nyň iň ga­dy­my da­ragt­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ni anyk­la­dy­lar. Uzak ýa­şan da­rag­ta ga­dy­my grek hu­da­ýy­nyň hor­ma­ty­na “Ado­nis” di­ýip at goý­du­lar. Alym­lar bu se­bit­dä­ki to­kaý­la­ry öw­ren­me­gi do­wam et­dir­me­gi ni­ýet ed­ýär­ler. Ola­ryň aýt­ma­gy­na gö­rä, bu ýer­de ýa­şy 1000 ýyl­dan geç­ýän baş­ga-da agaç­lar bo­lup bi­ler.