Ger­ma­ni­ýa­nyň BMW kom­pa­ni­ýa­sy go­laý­da elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän il­kin­ji SUV ula­gy­nyň önüm­çi­li­gi­ne baş­la­ma­gy mak­sat edin­ýär. “2021 BMW iX3” at­ly ýol­suz ýer­den ýö­re­ýän ula­gyň önüm­çi­li­gi to­mus pas­ly­nyň ahy­ryn­da Hy­taý­da ýo­la goý­lar. Il­kin­ji ulag­lar ýy­lyň ahy­ryn­da müş­de­ri­le­re ýe­ti­ri­ler. Tä­ze ulag “BMW iX3” mo­de­li­niň elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän gör­nü­şi­dir. Elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän tä­ze ula­gyň dür­li sy­nag­lar­dan ge­çi­ri­len­di­gi­ni mä­lim et­di. Kuw­wa­ty 285 at güý­jü­ne ba­ra­bar bo­lan ulag­da bir sa­ny he­re­ket­len­di­ri­ji o­turdy­ly­pyr. Ulag bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len 400 ki­lo­metr­den gow­rak ýol geç­ýär. Il­ki­baş­da elekt­rou­lag­la­ra tä­ze esas­lan­dy­ry­lan kom­pa­ni­ýa­lar ön­dü­ren hem bol­sa, soň­lu­gy bi­len iri aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­le­ri hem çy­ka­ryp baş­la­dy. Ne­mes bren­di­niň bu elekt­rou­la­gy­nyň “Ja­gu­ar I-Pace”, “Mercedes Benz EQC” we “Tes­la Mo­del Y” ýa­ly bel­li mo­del­ler bi­len bäs­deş­lik et­jek­di­gi aý­dyl­ýar.