Bö­lek söw­da bi­len meş­gul­lan­ýan “Ama­zon” kom­pa­ni­ýa­sy ha­ryt­la­ry gap­la­ýan eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­syn­dan peý­da­la­nyp baş­la­dy. Tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­nyň ha­ryt­la­ryň gap­lan­ýan wag­ty ýü­ze çyk­ýan za­ýa­çy­ly­gy 24 gö­te­rim azal­dan­dy­gy mä­lim edil­di. Bu ösen teh­no­lo­gi­ýa her ha­ry­dyň ulu­ly­gy­na, ag­ra­my­na we şe­ki­li­ne gö­rä, gap­la­ma­gyň baş­ga­ça usul­la­ryn­dan peý­da­lan­ýar. Şeý­le­lik­de ha­ryt­la­ryň gap­lan­ýan we da­şal­ýan wag­tyn­da­ky za­ýa­çy­ly­gyň azal­ýan­dy­gy mä­lim edil­di. Mun­dan baş­ga-da tä­ze teh­no­lo­gi­ýa ha­ry­da da­şal­ýan wag­ty ýe­tip bil­jek zy­ýa­ny, gap­laý­jy ul­gam­la­ry, ha­ry­dyň hä­si­ýe­ti­ni, ag­ra­my­ny, giň­li­gi­ni, uzyn­ly­gy­ny göz öňün­de tu­tup, ony nä­hi­li gap­la­ma­ly­dy­gy­ny kes­git­le­ýär. Eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­sy ha­ry­dy gap­la­mak üçin ma­te­ria­ly hem saý­lap, ony has tyg­şyt­ly ulan­ýar. Bu bol­sa, ha­ryt da­şa­lan­da we ýer­leş­di­ri­len­de hem ýe­ňil­lik dö­red­ýär.