Arheologlar Saud Arabystany Patyşalygynyň demirgazyk bölegindäki Dumat al-Jandal baýyrlygynda amala aşyran ylmy-gözleg işleriniň netijesinde gadymy ýadygärligiň üstünden bardylar. Onuň ýaşynyň 8 müň ýyllykdygy anyklandy.
Fransiýanyň ylmy-gözleg merkezi CNRS-niň habar bermegine görä, tapylan ýadygärligiň üçburçluk görnüşdedigi we onuň uzynlygynyň 35 metre deňdigi mälim edildi. Geçirilen gözlegler bu binanyň birnäçe tapgyrda gurlandygyny görkezdi. Onuň iň irki bölekleriniň biziň eýýamymyzdan öň VI müňýyllyga degişlidigi bellenilip geçildi.
Saud Arabystanynyň bu böleginde fransiýaly we italiýaly arheologlar ýerli alymlar bilen bilelikde iş alyp bardylar. Alymlar mundan ozal bu sebitde şeýle taryhy eserlere duş gelmändiklerini belläp, bu baýyrlygy awçylaryň we dini ybadatlary ýerine ýetirýän adamlaryň ulanandygyny belläp geçýärler. Alymlar megalit ýadygärliginiň öwrenilmeginiň gadymy çarwa durmuşy barada täze maglumatlary öwrenmäge mümkinçilik berjekdigini bellediler.
Seýitnazar ALLAMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.