Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň senenamasyna altyn harplar bilen ýazylýan taryhy wakalar biziň her birimiziň kalbymyzy tükeniksiz buýsanja besleýär. Şeýle wakalaryň biri Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary mynasybetli atly ýörişiň başlan günüdir. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 5-nji maýda ahalteke bedewleriniň asyl mekany bolan gadymy Nusaý galasynda toý-dabara bilen 17 atlynyň 500 günlük ýola ugran gününden bäri 100 günden gowrak wagtyň geçip, bedew atly ýigitleriň diýarymyzyň her bir ýerinde şatlyk-şowhun bilen garşylanýandygy bizde behişdi bedewlerimize bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Häzirki günlerde bu ýöriş mynasyp dowam etdirilip, bedewler diýarymyzyň oba-kentlerinde halk jümmüşine aralaşýar.
Eziz Arkadagymyz: “Dal bedewlerimiziň ajaýypdan näzik owadanlygy, duýgurlygy, ýüwrükligi, mähribanlygy ata-babalarymyzyň tükeniksiz aladalarynyň miwesidir we ol biziň günlerimize gelip ýeten inçe sungatdyr” diýip, ýelden ýüwrük dal bedewlerimize we olary kemala getiren ussat seýislerimiziň zähmetine ýokary baha berýär.
Behişdi bedewlerimiz asyrlaryň dowamynda halkymyzyň durmuşyna ornaşyp, ata-babalarymyzyň ömür ýollarynda uly ähmiýete eýe bolup gelipdir. Meselem, at münüp gezelenç etmegiň saglyga edýän oňyn täsiri müňlerçe ýyllar ozal mälim bolupdyr. Bu lukmançylyk ylmynda ippoterapiýa diýlip atlandyrylypdyr. Alymlaryň aýtmagyna görä, ippoterapiýa, ilkinji nobatda, oňurga gyşarmalarynda, myşsalaryň ýygrylmagynda we atrofiýasynda, hirurgiýada agyr operasiýalardan soň hereketlenmek ukybyny dikeltmekde uly ähmiýete eýe bolupdyr. Semizlikden saplanmak, myşsalary türgenleşdirip, işjeň ýagdaýa getirmek, göwräni dik tutmak, syratly bolmak, fiziki zähmete ukyply bolmaga ippoterapiýa giň ýol açypdyr. Ata münen adamynyň ähli myşsalar toplumy işjeňleşip, bedeniň umumy ýagdaýynyň gowulanmagyna, ýürek-damar, dem alyş, iýmit siňdiriş ulgamlarynyň pugtalanmagyna itergi beripdir.
Milli Liderimiziň ýakyndan ýardam etmegi netijesinde ýurdumyzda tohum atlaryň ösdürilip ýetişdirilmegine aýratyn üns berilýär. Soňky ýyllarda Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary, Ahal welaýatlarynda täze, döwrebap atçylyk-sport toplumlarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi gözel ilimizde atçylyk pudagynyň gün-günden pajarlap ösmegine uly itergi berdi. 2010-njy ýylyň awgustynda ýurdumyzda Ahalteke bedewleriniň Halkara Atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi, her ýylda “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara maslahatyň, ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginiň geçirilmegi bu işleri rowaçlyklara besledi.
Milli gymmatlyklarymyzyň milli Liderimiziň döwet galamynyň astynda beýana gelýändigi bu günki gün bütin dünýäni guwandyrýar. Hormatly Arkadagymyz “Ahalteke bedewi—biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly ensiklopedik göwher diwanynda gözellikde, ýyndamlykda dünýäni baglan ahalteke bedewleriniň 132 sanysyna doly häsiýetnama beren bolsa, “Paýhas çeşmesi” atly eserine ata-babalarymyzyň bedew atlar babatynda döreden nakyllarynyň bir ülşüni ýerleşdirdi.
Hawa, başda belläp geçişimiz ýaly Aziýa oýunlary mynasybetli atly ýöriş häzirki günlerde mynasyp dowam edýär. Bu taryhy ýöriş diňe bir türkmen sportunyň däl, eýsem, türkmen topragynyň dünýä ýüzündäki şanyny artdyrmakda hem uly ähmiýete eýedir.
Wagt öz akymy bilen bizi geljege tarap alyp barýar. Aşgabat Aziadasynyň başlanmagyna hem bir ýyldan gowrak wagt galdy. Paýtagtymyzda gurulýan Olimpiýa şäherjiginiň tamamlanmagy bilen 2017-nji ýylyň güýzünde Aziada – 2017-i ýurdumyzy şanly wakalara beslär. Şol şatlyk-şowhunly pursatlarda 500 günlik ýörişde bolan bedewlerimiz bu şanly senäniň buşlukçylary bolup, täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazyljak bu ajaýyp wakany bütin dünýä buşlar.
Maýa MEREDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň kafedra müdiri.