Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň körpe nesilleriniň we ruhubelent ýaşlarynyň döwrebap bilimdir terbiýe almaklary üçin düýpli işler durmuşa geçirilýär. “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaşyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” rejelenen görnüşini üstünlikli durmuşa geçirmegiň esasynda gözel diýarymyzyň ähli künjeginde döwrebap mekdepleriň, sport mekdepleriniň, çagalar baglarynyň, stadionlaryň, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň gurulmagy bu işleriň talabalaýyk mazmuna eýe bolmagyna ýardam edýär.
Bagtyýarlyga beslenýän döwrümizde milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda, ilkinji nobatda ähli eşretleriň körpeleriň we ýaşlaryň durmuşyna gönükdirilýändigini bu günki gün bütin dünýä ykrar edýär. Çagalaryň dynç alşyny mynasyp geçirmekleri üçin paýtagtymyz Aşgabatda we diýarymyzyň welaýatlarynda ulanmaga berilýän sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň sanynyň ýyl-ýyldan artýandygy, her bir obada, şäherde, şäherçede we etrap merkezinde sport merkezleriniň gurlup, dolanyşyga girizilýändigi ösüp gelýän ýaş nesilleriň aňynda watançylyk duýgularynyň kemala gelmegine ýardam edýär.
Häzirki günlerde ýurdumyzda 2016-2017-nji okuw ýylyna taýýarlyk işleri gyzgalaňly depginde alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde hereket edýän Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Aşgabat döwlet söwda firmasynyň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň “Türkmenkitap” lomaý-bölek birleşiginiň, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň düzümlerine degişli bolan mekdep bazarlarynda okuw esbaplarynyň dürli görnüşleri, mekdep lybaslary halka hödürlenýär.
Ýurdumyzyň umumy orta mekdeplerinde okuwyň 12 ýyllyk möhlete geçirilmegi bilen, okuw maksatnamalarydyr okuw kitaplary mazmun taýdan täzelenişe eýe bolýar. Muny şu okuw ýylyna başlangyç we ýokary synp okuwçylary üçin niýetlenýän türkmen dili, matematika, algebra, fizika, biologiýa, tebigaty öwreniş, astronomiýa, edebiýat, şekillendiriş sungaty, zähmet, sungat, rus dili dersleri boýunça okuw kitaplarydyr ýazuw depderleri, 6 ýaşlylar hem-de çagalar baglary üçin suratly kitaplar hem doly görkezýär.
Şu okuw ýylyndan başlap hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde, ýurdumyzyň orta mekdepleriniň käbirinde ýapon we hytaý dilleriniň okadylyp başlanjakdygy hem guwançly ýagdaýdyr. Bu işi talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen häzirki döwürde 1-nji we 5-nji synplar üçin hytaý we ýapon dilleri boýunça depderlerdir okuw kitaplary taýýarlanyldy. Okuw kitaplarynyň arasynda ýörite orta hünär we ýokary okuw mekdepleri üçin niýetlenen neşirleriň hem giden tapgyry bar. Olardan gigiýena, ilkinji lukmançylyk kömeginiň esaslary, ykdysady statistika, psihiatriýa kömeginiň esaslary, makro ykdysadyýetde matematik modeller, maglumat ulgamynyň arhitekturasy, sowadyjy maşynlar, EHM-leriň we telekommunikasiýanyň torlary, iç keselleri, çeper döredijiligiň psihologiýasy, dil bilimi we baýleki ugurlar boýunça okuw kitaplaryny görkezmek bolar.
Eziz Arkadagymyz: “Çagalara aýratyn söýgi, aýratyn alada bilen garamak, olara özüniň iň gowy zatlaryny bagyş etmek türkmenleriň gadymdan gelýän däpleriniň biridir” diýip, jaýdar belleýär. Her ýyl täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen mähriban Arkadagymyz orta mekdeplerine ilkinji sapar gadam basýan körpelere ýörite netbuklary sowgat edýär. Çagalyk dünýäsini egsilmez şatlyga besleýän bu pursatlar körpelerde ýatdan çykmajak täsirleri döredýär. Şeýlelikde, ruhy dünýäsi tämiz körpeler uly yhlas hem-de bilesigelijilik bilen kämil enjamlar arkaly bilimler dünýäsine aralaşýarlar.
Biziň gülläp ösýän ýurdumyz bilime höwesek ruhubelent ýaşlaryň hem köňül arzuwlarynyň myrat tapýan mekany. Geçen ýylyň özünde ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlar üçin täze hünärleriň birnäçesi boýunça okatmak ýola goýlan bolsa, bu ýyl onuň sanynyň artmagy bilen ýaşlara bilimler äleminde täze mümkinçilikler döredildi.
Muňa hormatly Prezidentimiziň “Oguz han adyndaky Türkmenistanyň inžener-tehnologiýalar uniwersitetini döretmek hakynda” gol çeken Permanyna laýyklykda, açylan täze ýokary okuw mekdebini görkezmek bolar. Dünýä ülňülerine kybapdaşlykda bilim bermäge mümkinçiligi bolan bu ýokary okuw mekdebinde ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlary himiýa we biotehnologiýalar, metallurgiýa, maşyn-gurluşyk we metallary işlemek, nanotehnologiýalar we nanomateriallar, tebigy ylymlar, informatika we hasaplaýyş tehnikasy, awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak, elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary ýaly ugurlar boýunça döwrebap bilim alarlar.
Bosagada – täze okuw ýyly. Täze okuw ýyly – täze başlangyç. Eziz Arkadagymyzyň bilim ulgamynda döredýän giň mümkinçilikleri köňli hyjuwly ýaşlary ylymlar dünýäsine çuňňur aralaşyp, ösüşlere beslenýän Watanymyzyň mynasyp adamy bolup ýetişmäge borçlandyrýar.
Goý, Watanymyzyň gül-gunçalary bolan körpe nesilleriň, ruhubelent ýaşlaryň dünýä ülňülerine kybapdaşlykda bilim we terbiýe almagy üçin nusgalyk işleri amal edýän eziz Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Belent tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Gülzada HEKIMOWA,
Lebap welaýatynyň Hojambaz
etrabyndaky 4-nji “Ýyldyzjyk” çagalar bagynyň Kärdeşler arkalaşygynyň başlygy.