“Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilen 2020-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynyň makroykdysady görkezijileri ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokary derejesiniň ykrarnamasydyr. Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli hem-de parasatly ykdysady strategiýasynyň netijesinde, dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde durnukly ösüş saklanýar.

Ge­çen hep­de­de ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň san­ly wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly mej­li­sin­de 2020-nji ýy­lyň bäş aýy­nyň jem­le­ri­ne ga­ral­dy. Şu ýy­lyň ýan­war-maý aýy­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça je­mi içer­ki önü­miň ösü­şi 6,2 gö­te­ri­me deň bol­dy. 2019-njy ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, önüm ön­dü­ri­li­şi 4,7 gö­te­rim ýo­kar­lan­dy. Re­je­le­nen gör­nüş­dä­ki Oba mil­li mak­sat­na­ma­syn­da kes­git­le­nen iş­le­riň çäk­le­rin­de, ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň, in­že­ner­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň gur­lu­şyk­la­ry al­nyp ba­ryl­ýar. De­giş­li dö­wür­de Söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nistr­li­gi bo­ýun­ça ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň möç­be­ri­niň ösü­şi ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de 23,6 gö­te­ri­me deň bol­dy. Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň kär­ha­na­la­ry­nyň ön­dü­ren önüm­le­ri­niň möç­be­ri 2,3 gö­te­rim ýo­kar­lan­dy. Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy ta­ra­pyn­dan ge­çen bäş aýyň do­wa­myn­da söw­da ge­le­şik­le­ri­niň 104-si ge­çi­ril­ip, 11 müň 201 şert­na­ma bag­la­şyl­dy. Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si bo­ýun­ça ýan­war-maý aý­la­ryn­da se­na­gat önüm­çi­li­gi­niň möç­be­ri 13,1 gö­te­rim, oba ho­ja­lyk we azyk önüm­le­ri­niň möç­be­ri 32 gö­te­rim ýo­kar­lan­dy.
Ine şu gör­ke­zi­ji­ler­den hem ýur­du­myz­da mil­li önüm­le­riň önüm­çi­li­gi­niň hem-de ola­ryň eks­port ugur­la­ry­ny has-da gi­ňelt­mek ba­bat­da giň ge­rim­li iş­le­riň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny gör­mek bol­ýar. Söw­da pu­da­gyn­da tä­ze-tä­ze önüm­le­riň önüm­çi­li­gi­ne giň ge­rim be­ril­di. Ýur­du­my­zyň dok­ma se­na­ga­ty ug­ry bo­ýun­ça hem uly ösüş­ler gaz­an­yl­ýar. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň dü­zü­min­de 80-den gow­rak kär­ha­na­lar he­re­ket ed­ýär. Dok­ma top­lum­la­ryn­da ön­dü­ril­ýän dok­ma önüm­le­ri­niň ag­la­ba bö­le­gi­niň da­şa­ry ýurt­la­ra eks­port edil­me­gi bol­sa buý­san­dy­ry­jy­dyr. Bu önüm­çi­lik­ler­de dür­li sü­tük­li ma­ta­la­ryň, jin­si ma­ta­la­ryň, ör­me ma­ta­la­ry­ň, şeý­le hem ön­dü­ril­ýän ma­ta­lar­dan taý­ýar ti­kin-ör­me önüm­le­ri­ň tä­ze-tä­ze gör­nüş­le­ri­niň önüm­çi­li­gi has-da ýo­ka­ry sep­git­le­re ýe­ti­ril­ýär.
Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň has-da ös­dü­ril­me­gi­ne hu­su­sy pu­da­gyň we­kil­le­ri­niň hem go­şan­dy ulu­dyr. Döw­let ta­ra­pyn­dan ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­ge be­ril­ýän gol­da­wyň ne­ti­je­sin­de, tä­ze iş ýer­le­ri­ni dö­ret­mek, ha­ryt ba­za­ry­ny ýer­li önüm­ler­den dol­dur­mak, bäs­deş­li­gi ös­dür­mek, ma­ýa go­ýum iş­jeň­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak iş­le­ri ta­la­ba­la­ýyk al­nyp ba­ryl­ýar. Bu pu­da­gyň we­kil­le­ri se­na­gat, oba ho­ja­ly­gy we azyk se­na­ga­tyn­da önüm­çi­lik­le­ri­ni has-da ýo­kar­lan­dy­ryp, uly zäh­met ýe­ňiş­le­ri­ni ga­zan­ýar­lar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz te­le­ke­çi­lik pu­da­gy­ny ös­dür­me­gi hö­wes­len­dir­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­le­riň ýo­la go­ýul­ma­gy­na uly äh­mi­ýet ber­ýär. Şo­nuň üçin hormatly Prezidentimi­z yk­dy­sa­dy­ýe­tiň hu­su­sy pu­da­gy­ny döw­let ta­ra­pyn­dan gol­da­mak iş­le­ri­ni he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­la­ýar. Ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­ge, hu­su­san-da, sy­ýa­hat­çy­lyk işi bi­len meş­gul­lan­ýan kär­ha­na­la­ra ma­li­ýe hem-de mad­dy-teh­ni­ki taý­dan kö­mek ber­mek ba­bat­da­ky iş­le­riň ta­la­ba­la­ýyk al­nyp ba­ryl­ma­gy­ny ün­de­ýän mil­li Li­de­ri­miz oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dür­mek, gök we mi­we önüm­le­ri­ni sak­la­ma­ga ni­ýet­le­nen se­na­gat so­wa­dy­jy­la­ry­ny gur­mak üçin hu­su­sy oba ho­ja­lyk kär­ha­na­la­ry­nyň iş­le­ri­ni iş­jeň­leş­dir­mek ba­bat­da­ky iş­le­riň ýo­la go­ýul­ma­gy ba­ra­da uly alada ed­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti ba­zar gat­na­şyk­la­ry esas­la­ryn­da ös­dü­ril­ýär, halk ho­ja­ly­gy top­lu­my­nyň bu ug­ru­nyň ne­ti­je­li we ok­gun­ly ös­dü­ril­me­gi üçin amat­ly hu­kuk, yk­dy­sa­dy, ma­li­ýe we dur­muş şert­le­ri dö­re­di­len­dir. Mu­nuň özi sal­gyt ul­ga­my­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gin­de, eks­port-im­port amal­la­ry­ny ge­çir­me­giň ýö­ne­keý­leş­di­ril­me­gin­de, ýe­ňil­lik­li karz sy­ýa­sa­tyn­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar.
Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan pa­ra­sat­ly içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de özü­niň yk­dy­sa­dy-dur­muş ösüş­le­ri, hal­ka­ra äh­mi­ýet­li döw­re­bap tas­la­ma­la­ry bi­len dün­ýä derejesinde mö­hüm or­ny eýe­le­ýär. Di­ýa­ry­myz bu gün pa­ra­hat­çy­ly­gyň, asu­da­ly­gyň we ösüş­le­riň me­ka­ny hök­mün­de dün­ýä­de giň­den ta­nal­ýar. Dur­nuk­ly yk­dy­sa­dy ösüş­ler ýur­du­my­zy yk­dy­sa­dy­ýet ba­bat­da yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş hök­mün­de bar­ha özü­ne çe­ki­ji döw­le­te öwür­ýär.
He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň şan­ly 25 ýyl­ly­gy­nyň toý­lan­ýan ýy­lyn­da ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek bo­ýun­ça be­lent mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­le­ri ama­la aşyr­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Se­na­ga­tyň köp pu­dak­la­ryn­da ýo­ka­ry ösüş dep­gin­le­ri­niň ga­za­nyl­ma­gy, oba ho­ja­ly­gynda ösüş­le­re eýe bo­lun­ma­gy, bug­daý­dan ýo­ka­ry ha­sy­lyň alyn­ma­gy, ma­ýa go­ýum­la­ryň uly möç­be­ri­niň öz­leş­di­ri­lip, tä­ze-tä­ze des­ga­la­ryň, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň bi­na edil­me­gi ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny has-da kuw­wat­lan­dy­ryp, tä­ze yk­dy­sa­dy ösüş­le­re alyp bar­ýar.
Ýur­du­my­zy tä­ze ösüş­le­re alyp bar­ýan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ja­ny­nyň sag, öm­rü­niň uzak bol­ma­gy­ny, dur­nuk­ly­ly­gyň, ösüş­le­riň we dur­muş aba­dan­çy­ly­gy­nyň ha­ty­ra­sy­na ed­ýän ta­gal­la­la­ry­nyň mun­dan beý­läk-de ro­waç­lan­ma­gy­ny ar­zuw ed­ýä­ris!

Ke­rim Mu­ham­me­dow,
Niýazsoltan No­ba­to­wa,
Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň
mu­gal­ly­mlary.