Amerikaly astronawt, geolog Ketrin Salliwan Ýer ýüzüniň iň çuň ýeri bolan Mariana çöketligine baran ilkinji zenan boldy. 1984-nji ýylda kosmos giňişliginde, gäminiň daşyna açyk asmana çykan amerikaly zenan astronawt ikinji gezek adyny taryha ýazdyrdy. 68 ýaşly Salliwan 11 kilometrlik çuňluga çümüp, bu kyn işiň hötdesinden geldi. Şeýle hem ol Ýuwaş ummanynyň günbataryndaky Guam adasynyň golaýyndaky ýarym Aý şekilli Mariana çöketligine çümen sekizinji adam boldy. Salliwanyň iki rekordynyň arasynda 36 ýyl bar. Tejribeli geolog “Caladan Oceanic” atly guramanyň açyş etmek maksatly syýahatyna gatnaşdy. Ol 1984-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda “Challenger” kosmos gämisi bilen açyk asmana çykypdy. Salliwana bu kyn işde suwa çümüjileriň eşiklerini taýýarlaýan Wiktor Weskowo ýolbeletlik etdi. Olar suwa çümýän ýokary basyşa çydamly gämini bilelikde dolandyrdylar. Weskowo “Limiting Factor” atly gämi bilen ýola çykanlaryndan 12 sagatdan soňra Ýeriň iň çuň ýerine barandyklaryny we Salliwany ummanyň düýbündäki ilkinji zenan bolandygy üçin gutlaýandygyny aýtdy. “Caladan Oceanic” guramasynyň deňzi öwreniji hünärmenler topary ummanyň dürli ýerlerine sekiz gezek çümüp, ol ýerdäki jandarlary we ösümlikleri öwrener. Okeanografiýa hünärmeni hem bolan Salliwan deňze çümmezinden ozal ummanyň aşagynda nusgalyk almak üçin robotlary dolandyrmagy öwrendi.
Ýeri gelende aýtsak, rus kosmonawty Swetlana Sawiskaýa 1984-nji ýylyň 25-nji iýulynda kosmosda açyk asmana çykan, ilkinji zenan bolupdy. Şeýle hem, geçen ýyl amerikaly astronawtlar Kristina Koç hem-de Jessika Meýr bilelikde açyk asmana çykan ilkinji zenan astronawtlar bolupdy.