Hytaýyň “Huawei” kompaniýasy telefon önümçiliginde köp ýyldan bäri birinji orny eýeläp gelýän “Samsung”-dan ozduryp, birinji boldy. “Counterpoint Research” şereketiniň maglumatlaryna görä, hytaý brendi aprel aýynda dünýäniň iň köp mobil enjam satan kompaniýasy bolupdyr. Şeýlelikde, kompaniýanyň bazardaky paýy 19 göterime deň bolupdyr. Bu bolsa tas her bäş müşderiden biriniň “Huawei” smartfonyny alandygyny görkezýär. “Samsung”-da bu görkezijiniň 17 göterim bolandygy mälim edildi. Degişli döwürde “Samsung” iň köp satylýan bazarlary bolan Hindistandaky, Ýewropadaky we Amerikada dükanlary ýapyk durupdyr. “Huawei”-iň has köp satylýan bazary bolan Hytaýdaky dükanlary bolsa işini dowam etdiripdir.