ABŞ-nyň “Tes­la” kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan iş­le­nip dü­zü­len ba­ta­re­ýa teh­no­lo­gi­ýa­sy 402 mil (647 ki­lo­metr) men­zil geç­mek müm­kin­çi­li­gi­ne eýe bol­dy. Bu ba­bat­da ABŞ-nyň Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça gul­lu­gy ta­ra­pyn­dan de­giş­li şa­ha­dat­na­ma gow­şu­ryl­dy. Bu bolsa kompaniýanyň “iň uzak ara­lyk” ug­run­da ýo­ka­ry ne­ti­jä eýe bo­lan­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar.
ABŞ-ly işe­wür Ilon Mas­kyň esas­lan­dy­ran “Tes­la” kom­pa­ni­ýa­sy elekt­rik to­gy bi­len iş­le­ýän ulag­la­ryň önüm­çi­li­gi bilen birlikde bu ulag­lar üçin ba­ta­re­ýa önüm­çi­li­gi ba­bat­da hem öň­de­li­gi eýe­läp, bu ugur­da tä­ze re­kor­dy goý­dy. Kom­pa­ni­ýa­nyň “Mo­del S” ky­sym­ly ula­gy­nyň “Long Ran­ge Plus” gör­nü­şi­niň 647 ki­lo­metr ýol ge­çip bil­ýän­di­gi res­mi taý­dan tas­syk­lan­dy. 2012-nji ýyl­da il­kin­ji ge­zek köp­çü­li­ge görkezilen ula­gyň bu gör­nü­şiniň 265 mil (462 ki­lo­metr) men­zil geç­mä­ge ukyp­ly­dy­gy mä­lim edi­lip­di. Yzy­gi­der­li ge­çi­ri­len sy­nag­lar bi­len ula­gyň he­re­ket­len­di­ri­ji­si­niň kuw­wa­ty güýç­len­di­ril­ip, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça gul­luk ta­ra­pyn­dan ge­çi­ri­len sy­nag­la­ryň il­kin­ji­le­rin­de men­zil gör­ke­zi­ji­si 629 ki­lo­met­re hem çy­kyp­dy.

Rejepguly SARYÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.