Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gaýtadan işleýän senagatyny ösdürmegiň başyny başlan hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagy hem-de daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçiligiň geriminiň giňeldilmegi, şeýle hem daşary ýurt bazarlaryna iberilýän ýerli önümleriň möçberiniň artdyrylmagy babatda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda öndürilip, daşary ýurt bazarynda uly islegden peýdalanylýan harytlaryň hatarynda dokma önümlerini görkezmek bolar.

Türk­men yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň mö­hüm pu­dak­la­ry­nyň bi­ri bo­lan dok­ma se­na­ga­ty­nyň önüm­çi­lik bin­ýa­dy hem yzy­gi­der­li döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýar. Ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly kär­ha­na­la­ryň dö­re­dil­me­gi­ne uly möç­ber­de ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň gö­nük­di­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de içer­ki we da­şar­ky ba­zar­la­ra dür­li gör­nüş­li önüm­le­ri ug­rat­mak ýo­la go­ýul­dy, ola­ryň gör­nü­şle­ri yzy­gi­der­li ar­týar. Dok­ma pu­da­gy­nyň kär­ha­na­la­ry dün­ýä bel­li da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň en­jam­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ryl­ýar, dün­ýä ba­za­ryn­da ýo­ka­ry hil­li we bäs­deş­li­ge ukyp­ly önüm­le­riň çy­ka­ryl­ma­gy­ny üp­jün ed­ýän öň­de­ba­ry­jy we ýo­ka­ry ne­ti­je­li teh­no­lo­gi­ýa­la­r or­naş­dy­ryl­ýar.
Ýur­du­my­zyň dok­ma kär­ha­na­la­ry­nyň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy pag­ta­dan we ýü­pek­den dok­ma önüm­le­ri­niň ön­dü­ril­ýän möç­ber­le­ri­ni we gör­nüş­le­ri­ni art­dyr­ma­ga, da­şa­ry ýurt­ly önüm ön­dü­ri­ji­le­riň önüm­le­ri­niň or­nu­ny tut­ýan taý­ýar önüm­le­riň tä­ze gör­nüş­le­ri­ni çy­kar­ma­ga müm­kin­çi­lik­le­ri ber­ýär. Aş­ga­ba­dyň dok­ma top­lu­my, Türk­men­ba­şy dok­ma top­lu­my, Jin­si top­lu­my, Ru­ha­bat we Gök­de­pe dok­ma top­lum­la­ry, Ma­ry­nyň “Ýe­ňiş” ti­kin fab­ri­gi mu­nuň aý­dyň my­sa­ly bo­lup dur­ýar. Bu dok­ma top­lum­la­ryn­da dür­li sport ly­bas­la­ry, ze­nan­lar üçin köý­nek­ler, baş­gap­lar, sü­pür­giç­ler we ýo­ka­ry is­leg­den peý­da­lan­yl­ýan beý­le­ki dok­ma önüm­le­ri ön­dü­ril­ýär.
Dok­ma pu­da­gy­nyň düýp­gö­ter ös­dü­ril­me­gi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň he­mi­şe üns mer­ke­zin­de dur­ýar. Mil­li Li­de­ri­miz bu pu­da­gyň önüm­çi­li­gi­niň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy bi­len bag­ly me­se­le­le­ri Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­lis­le­rin­de ara alyp mas­la­hat­laş­ýar. Go­laý­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de hem dok­ma top­lum­la­ryn­da­ky önüm­le­riň ge­ri­mi­niň gi­ňel­dil­ýän­di­gi, tä­ze ny­şan­ly önüm­le­riň ýer­li we da­şa­ry ýurt­ly aly­jy­lar­ ta­ra­pyn­dan uly is­leg­den peý­da­la­n­ýan­dy­gy bel­le­ni­lip ge­çil­di. Ýur­du­my­zyň dok­ma kär­ha­na­la­ry­nyň eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa önüm­le­ri ýer­li sarp edi­ji­ler­de we da­şar­ky ba­zar­lar­da uly is­leg­den peý­da­lan­ýar. Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň hü­när­men­le­ri ta­ra­pyn­dan mil­li ny­şan­la­ry dö­ret­mek bo­ýun­ça iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Hu­su­san-da, “Be­dew” ny­şan­ly jin­si önüm­le­ri, “Bür­güt” ny­şan­ly sport eşik­le­ri, “Ga­la” ny­şan­ly ti­kin-ör­me önüm­le­ri, “Ýe­ňiş” ny­şan­ly er­kek köý­nek­le­ri giň meş­hur­ly­ga eýe bol­dy.
Dok­ma kär­ha­na­la­ryň önüm­le­ri ýo­ka­ry hil­li, dür­li gör­nüş­li hem-de el­ýe­ter ba­ha­ly bo­lan­dy­gy üçin içer­ki ba­zar­da we da­şa­ry ýurt­lar­da uly is­le­ge eýe bo­lup dur­ýar. Da­şa­ry ýurt önüm­le­rin­den pes­de dur­ma­ýan dok­ma önüm­le­riň önüm­çi­li­gi ýur­du­my­zyň eks­port müm­kin­çi­li­gi­ni art­dyr­ma­ga ýar­dam eder.
Şeý­le hem dok­ma top­lum­la­ryn­da önüm­çi­li­giň döw­re­bap usul­la­ry­ny or­naş­dyr­ma­ga hem uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Dok­ma top­lum­la­ryn­da sin­te­pon we span­bond ma­ta­syn­dan dür­li eşik­le­riň hem-de dok­ma önüm­le­ri­niň top­lu­my­ny dö­ret­mek ug­run­da hem uly iş­ler ýo­la go­ýul­dy.
Iri pag­ta ön­dü­ri­ji ýurt bo­lan gü­neş­li Di­ýa­ry­myz­da dok­ma se­na­ga­ty­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne uly üns be­ril­ýär. Ýur­du­myz­da pag­ta meý­dan­la­ry­nyň möç­be­ri­niň art­dy­ryl­ma­gy pag­ta­nyň bol ha­sy­ly­ny ýe­tiş­dir­mä­ge we ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­lyň dok­ma top­lum­la­ryn­da iş­le­ni­lip, taý­ýar­la­nan önüm­le­riň da­şa­ry ýurt ba­zar­la­ry­na ug­ra­dyl­ma­gy yk­dy­sa­dy­ýet­dä­ki saz­la­şyk­ly ösü­şiň bin­ýa­dy bo­lup hyz­mat ed­ýär. Pag­ta te­bi­gy önüm bo­lup dü­zü­min­de hi­mi­ki mad­da­la­ry sak­la­ma­ýar. Pag­ta sü­ýü­min­den do­ka­lan te­bi­gy ma­ta­lar de­ri­niň dem al­ma­gy­na we ýo­ka­ry de­re­je­de ho­wa aý­la­ny­şy­na müm­kin­çi­lik ber­ýär. Pag­ta süý­ümin­den do­ka­lan önüm berk­li­gi we amat­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ol çyg­ly­ly­gy go­wy siň­dir­ýär. Şol bir wag­tyň özün­de beý­le­ki ma­ta­lar çyg hal­da aň­sat­lyk bi­len ýyr­tyl­ýan bol­sa, pag­ta sü­ýü­min­den do­ka­lan önüm­ler has hem ber­ke­ýär. Pag­ta sü­ýü­min­den do­ka­lan köý­nek­le­ri to­mus pas­lyn­da ys­sy ho­wa­da geý­mek üçin ýa­kym­ly­dyr.
Ýur­du­my­zyň dok­ma top­lu­my­nyň ön­dür­ýän önüm­le­ri­niň ag­ram­ly bö­le­gi, şol san­da pag­ta sü­ýü­mi ýüp­lü­gi, nah ma­ta­lar, tri­ko­taž ma­ta­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri we olar­dan ti­ki­len taý­ýar önüm­le­r dün­ýä­niň 30-dan gow­rak ýurt­la­ry­na eks­port edil­ýär.
Dok­ma se­na­ga­ty­nyň tä­ze-tä­ze in­no­wa­si­on des­ga­la­ry­ny dö­ret­mek ba­bat­da hem iş­ler ta­la­ba­la­ýyk do­wam et­di­ril­ýär. Milli Liderimiziň Ka­rar­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, gur­lu­şy­gy­ bat­ly dep­gin­ler­de al­nyp ba­ryl­ýan Ka­ka we Ba­ba­daý­han et­rap­la­ryn­da­ky tä­ze dok­ma top­lum­la­ry­nyň ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi bi­len pu­da­gyň önüm­çi­lik kuw­wa­ty has-da ber­kär.

Ogul­su­raý NUR­LY­ÝE­WA,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.