Is­pa­ni­ýa­nyň Ma­ýor­ka şä­he­rin­de Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­nyň re­kor­dy ama­la aşy­ryl­dy. Bu şä­her­de 12 gü­nüň do­wa­myn­da üz­nük­siz we­lo­si­ped pe­da­ly­ny aý­la­mak bo­ýun­ça re­kord go­ýul­dy. Is­pan ne­şi­ri­niň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, Ma­ýor­kada ýa­şa­ýan ang­li­ýa­ly işe­wür Ben­ja­min Maýlz 5-16-njy iýun ara­ly­gyn­da her sa­gatda 5 mi­nut ara­kes­me etmek bi­len sta­ti­ki we­lo­si­pe­diň pe­da­ly­ny aý­la­dy. Maýlz her sa­gat­da­ky 5 mi­nut­lyk ara­kes­me­si­ni na­har­lan­mak, su­wa düş­mek ýa-da bir­ne­me dynç al­mak üçin sarp et­di.
– 100 gö­te­rim di­ýen ýa­ly ýa­da­dym. Ýö­ne örän bagt­ly we öz to­pa­ry­ma min­net­dar­lyk bil­dir­ýä­rin. Bi­ziň eden ta­gal­la­la­ry­myz Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di – di­ýip, Maýlz gür­rüň ber­di. Ol bu baş­lan­gy­jy­ny daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak we onuň ha­pa­lan­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak üçin ama­la aşy­ran­dy­gy­ny bel­läp geç­di.
Süleýman HOJANYÝAZOW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.