“Adam jemgyýetiň we döwletiň esasy gymmatlygydyr” diýen ýörelgeden ugur alýan hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda şypahana-dynç alyş pudagynyň ösdürilmegine, dynç alyş, saglygy goraýyş we syýahatçylyk ulgamynyň netijeli häsiýete eýe bolmagyna möhüm ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň özboluşly howa gurşawy şypahana hem-de dynç alyş düzümini ösdürmegiň möhüm şertini emele getirýär. Dürli tebigy aýratynlyklar döwletimiziň halkara derejesindäki dynç alyş ulgamyna öwrülmegine mümkinçilik döredýär.
Ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, paýtagtymyz Aşgabatda hem dynç alyş ulgamyny döwrebap derejede ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Aşgabadyň demirgazyk bölegindäki kölüň kenarynda ajaýyp hem-de döwrebap dynç alyş zolagy kemala gelýär. Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen bu ýerde dynç alyş hyzmatynyň ýokary ülňülerine laýyk gelýän düzüm döredilip, ilkinji myhmanlary kabul edip başlady.
Aşgabadyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän ajaýyp kölüň keşbi gysga wagtyň içinde tanalmaz derejede özgerdi we täze görnüşe eýe boldy. Bu ýerde paýtagtymyzyň ilaty we onuň myhmanlary üçin boş wagtlaryny gyzykly hem-de peýdaly geçirmäge niýetlenen oňyn mümkinçilikler döredildi we döredilýär. Bu sebitde kottejler toplumyndan, durmuş maksatly desgalardan ybarat bolan iri dynç alyş zolagynyň döredilmegi kölüň kenarynda işjeň dynç almak üçin özboluşly mümkinçilikleriň gerimini has-da giňelder.
Milli Liderimiz tarapyndan bu kölüň “Altyn köl” diýlip atlandyrylmagy jemgyýetiň gymmatly hazynasy bolan adamlaryň sagdyn hem-de bagtyýar bolmagy bilen şertlenendir. Bu sebit gysga wagtyň içinde paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň hem-de onuň myhmanlarynyň iň bir gelim-gidimli, söýgüli künjegine öwrüljekdigi ikuçsuzdyr.
Bu dynç alyş zolagynda kottejleriň, çaýhanalaryň, söwda merkezleriniň, ýaht-klubunyň, myhmanhanalaryň, fitnes zallarynyň we ýapyk görnüşli howuzlaryň, restoranlaryň, çagalar üçin oýun meýdançalarynyň, sport meýdançalarynyň, açyk awtoduralgalaryň, akwaparklaryň, medeni çäre geçirilýän ýerleriň, welosipedleriň kärendesine berilýän nokadyň we ulag sürülýän ýodanyň, seýilgähleriň, saglyk öýüniň, kenarýaka gaýyk duralgasynyň, söwda nokatlarynyň gurulmagy hem-de döredilmegi adamlaryň rahat dynç almagynyň üpjün edilmegine uly itergi berer.
Häzirki wagtda bu ýerde dynç almak üçin amatly bassyrmalar, göwnejaý enjamlaşdyrylan çagalar üçin oýun we sport meýdançalary, futbol, woleýbol we basketbol oýnamak üçin meýdançalar ýerleşdirilipdir. Çagalaryň dynç almagy üçin otaglaryň 10-sy, hyzmat edýän işgärler üçin ýaşaýyş otaglary, saglyk nokady we “Tiz lukmançylyk kömegi” üçin bassyrmalar göz öňünde tutulypdyr. Suwa düşmek üçin niýetlenen zolagyň golaýynda eşik çalşyrylýan bina gurnalypdyr. Tomusky suwa düşülýän möwsümde halas ediş nokady we howpsuzlyk gözegçiligi üçin iki sany gözegçilik diňi, söwda nokady, 160 ulag üçin awtoduralga bar.
Bu dynç alyş zolagy tomusky dynç alyşda bolýan çagalar üçin guwandyryjy waka boldy. Ýaş türkmenistanlylaryň sagdyn hem-de berk bedenli, döwrebap derejede ösüp ýetişmegi ugrunda taýsyz tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň bagtyýar nesilleriniň dynç almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döredilýän medeni-dynç alyş merkezlerinde, sport we sagaldyş toplumlarynda ösüp barýan ýaş nesilleriň öz ukyplaryny açyp görkezmegi üçin ähli mümkinçilikler üpjün edilýär. “Altyn kölüň” kenaryndaky dynç alyş zolagy hem sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala gelmegine ýardam berer.
Kiçi we mekdep ýaşly çagalaryň, ýaşlaryň sagdynlygy, işe ukyply ilatyň saglygynyň berkidilmegi we ýaşuly adamlaryň saglygynyň goralmagy hem-de ortaça ömrüň dowamlygynyň artdyrylmagy ýurdumyzyň şypahana-dynç alyş pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biri bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy döredildi, indi bolsa, paýtagtymyzyň golaýynda ýerleşýän “Altyn kölüň” kenarynda döredilýän ajaýyp dynç alyş mesgeni türkmen topragynyň hakykatdan-da, melhemler mesgeni bolup, özünde saglygy dikeltmek we berkitmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri jemleýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Geljekde ägirt uly kuwwata eýe bolan pudak hökmünde şypahana-dynç alyş ulgamynyň ösdürilmegine täzeçe çemeleşmek saglygy goraýyş ulgamynyň hem-de tutuşlygyna, milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň kuwwatly şertine öwrüler.
Jeren MUHAMMEDOWA,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.