2016-njy ýylyň 2-7-nji sentýabr aralygynda Berlinde elektron hem-de öý hojalyk enjamlaryna bagyşlanyp geçiriljek “IFA 2016” sergisinde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary özleriniň soňky önümleri we hyzmatlary barada giňişleýin maglumat bererler. Şeýle halkara çärelerine tehnologiýa söýüjileriň köp sanlysynyň gatnaşýanlygy sebäpli, kompaniýalar oňa ýörite taýýarlyk görýärler. Amerikanyň “Apple” kompaniýasy bolsa, öz harytdyr hyzmatlaryny özbaşdak tanyşdyrýar. Mobil enjamlaryň önümçiliginde dünýäniň öňdebaryjy “Samsung”, “Sony”, “Huawei” we LG ýaly kompaniýalarynyň hem bu halkara çäresi üçin ýörite enjamlaryny taýýarlandyklary habar berildi.
Şeýle kompaniýalaryň biri ZTE hem Germaniýanyň paýtagtyna soňky öndüren enjamlaryny alyp barar. “ZTE Mobile Devices” şereketiniň ýolbaşçysy Adam Zeng ulanyjylarynyň tekliplerini we isleglerini nazarda tutup, daşky şekili has owadan enjamlary taýýarlandyklaryny mälim etdi. Ýokary aýratynlyklary bolan smartfon öndürmegi bilen tanalýan şereket soňky gezek owadanlygy bilen tapawutlanýan AXON seriýasyna degişli enjamlaryny hödürläpdi. Bu enjamlar sesi has dury we belent çykarmagy bilen tapawutlanýar. Bu smartfonlar aýdym-sazy halaýanlar üçin niýetlenipdir.
2016-njy ýylyň birinji ýarymynda ýokary netije gazanan şereket bu üstünligini dowam etdirmegi maksat edinýär. Bazar barlaglaryny geçirýän “Counterpoint Technology” şereketiniň maglumatlaryna görä, bu kompaniýa smartfon önümçiliginde dünýäde 6-njy ýerde durýar. Şu ýylyň ikinji çärýeginde ZTE enjamlary Ýewropa bazarynda dördünji bolupdyr.
Şereketiň ýolbaşçysy 2016-njy ýylda 60 million mobil enjamyny ýerlemegi maksat edinýändiklerini, emma bu görkezijini ýylyň ahyryna çenli 70 milliona ýetirmek üçin tagalla edýändiklerini aýtdy. Ol bäsdeşligi has ýitileşýän mobil enjamlar bazarynda hemişe täzelik tapmagyň aladasyny edýändiklerini belledi. Kompaniýa serginiň çäklerinde soňky wagtlarda ýoň bolan hyýaly hakykat bilen sazlaşykly işläp bilýän enjamlaryna hem aýratyn orun berer.