Häzirki wagtda yssy jaýlary serginletmek üçin serginledijilerden giňden peýdalanylýar. Emma yssy ýerlerdäki has uly binalaryň içindäki ýylylygy kadaly saklamak üçin has köp energiýa sarp etmeli bolýar. BAE-niň Dubaý şäherinde gurulmagy maksat edinilýän stadionda ulanyljak ýokary tehnologiýa bu ýerde elektrik energiýasyny ep-esli derejede tygşytlamaga ýardam eder. Taslamasy “Perkins+Will” binagärlik kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan sport desgasynda türgenler we tomaşaçylar üçin oňaýly şertler dörediler. Desganyň daş tarapy gözenekli bolar. Şeýlelikde, onuň içine howanyň girmegi üpjün ediler. Bu bolsa, stadionyň içini serginletmäge ýardam eder. Daşky şekili käsäni ýada salýan stadionyň ýokarsy ýarym dury örtük bilen ýapylar. Bu örtük şöhläniň 75 göterimini döwüp, içerisiniň has salkyn bolmagyna goşant goşar. Binanyň aşagynda äpet howuz bolar. Şeýlelikde onuň aşagyndaky suw stadionyň salkyn bolmagyny gazanar. Daş töweregine ekiljek agaçlar bolsa, sebitde mahal-mahal öwüsýän yssy şemalyň öňüni alar.
Ýerden 18 metr beýiklikde guruljak binanyň aşagynda galan bölümi bu ýere gelenlere saýa salar. Toplumyň çäklerinde türgenleşmek üçin ýörite meýdançalar, sport zaly, söwda nokatlary, muzeý we bir wagtda 5 müň ulagy kabul edip biljek duralga gurlar. 12 müň inedördül metr meýdanda guruljak stadion 60 müň orunlyk bolar. Binanyň gurluşygyna haçan başlanyljakdygy barada heniz maglumat berilmedi.