“JD Power” barlag-maslahat beriş şereketi 2020-nji ýylyň iň halanýan ulaglarynyň sanawyny ýaýratdy. Sanawda 26 ulag bolup, olaryň arasynda “Hyundai Group”-yň modelleri agdyklyk edýär. Şeýle hem üç sany lýuks ulag sanawa girizilipdir. Olar “Hyundai Genesis”, “Lexus” hem-de “General Motors”-yň “Cadillac” ulaglarydyr. Sanaw sürüjileriň baha bermegi bilen saýlandy. Müşderiler “Chevrolet” kompaniýasynyň “Sonic” atly kiçi ulagyna has köp baha beripdirler. “Genesis”, “Hyundai” we “Kia” brendlerine eýeçilik edýän “Hyundai Motor Group”-yň jemi ýedi ulagy sanawa girizilipdir. Alty ulag bilen GM, üç ulag bilen BMW, “Ford Motor” we “Nissan” soňky basgançaklary eýeledi. Elbetde müşderiler ulagyň diňe ýokary ülňülerine däl, eýsem, ulagyň owadanlygy, ýangyjy tygşytlamagy, kuwwaty we tizligi ýaly taraplaryna baha berýärler. Sanaw täze ulag edinenden soňra, üç aýyň dowamyndaky ýagdaýy barada taýýarlanan 223 sowala berlen jogaplaryň netijesinde taýýarlanypdyr.