Mobil we beýleki enjamlaryň ählisi diýen ýaly parolly bolýar. Adatça, parollar harp ýa-da san bilen ýazylýar. Emma soňky wagtlarda mobil enjamlaryň ýüzüne barmagy bilen dürli şekili çyzyp telefonyny açýanlara-da gözümiz düşýär. Ilki diňe has ýokary aýratynlykly telefonlarda bar bolan barmak yzyny okaýan tehnologiýalar indi beýleki smartfonlarda hem peýda bolup başlady. Bilermenler ýakyn geljekde bu usulyň ýoň boljakdygyny çaklaýarlar. Geljek ýyl barmak yzyny tanaýan smartfonlar bazaryň 50 göterimini eýelär. Geçen ýyl bu görkeziji 20 göterim bolupdyr. Häzirki wagtda öndürilýän smartfonlaryň 40 göteriminde eýesini barmagynyň yzyndan tanaýan tehnologiýa bar. Golaýda tanyşdyrylan “Samsung”-yň “Galaxy Note7” enjamyndaky eýesini gözünden tanaýan tehnologiýanyň näderejede ýaýbaňlanjakdygyny wagt görkezer.