Nor­we­gi­ýa­nyň hö­kü­me­ti daş­ky gur­şa­wy aýaw­ly sak­la­mak mak­sa­dy bi­len ben­zin we di­zel ýan­gy­jy ar­ka­ly he­re­ket ed­ýän ulag­la­ry 2025-nji ýyl­da ýa­tyr­mak ka­ra­ry­na gel­di. Ýur­duň sy­ýa­sy par­ti­ýa­la­ry bu düz­gü­ni ýo­la goý­mak­da öz ara­la­ryn­da bir­meň­zeş ne­ti­jä gel­di­ler. Ka­nun ýe­ras­ty ýan­gyç bi­len iş­le­ýän ulag­la­ryň sa­tu­wy­ny ga­da­gan et­me­gi göz öňün­de tut­ýar. Bu ka­nun tas­la­ma­sy gel­jek ýy­lyň ýaz aý­la­ryn­da do­ly taý­ýar edi­lip, mil­li par­la­men­te hö­dür­le­ner.
“Mil­li gat­naw” at­ly mak­sat­na­ma­sy di­ňe ga­ra­ýol­lar­da he­re­ket ed­ýän däl, eý­sem, äh­li ulag se­riş­de­le­ri­niň daş­ky gur­şaw üçin zy­ýan­syz bol­ma­gy­ny göz öňün­de tut­ýar. 2030-njy ýyl­dan baş­lap, de­ňi­ze goý­be­ril­jek äh­li he­re­ket­len­di­ri­ji­li de­ňiz ulag­la­ryn­da elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän mo­to­ryň bol­ma­gy hem mak­sat edi­nil­ýär. Uçar­lar­da we uly ýük ulag­la­ryn­da bio­ýan­gy­jyň ula­nyl­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar. 5 mil­li­on tö­we­re­gi ila­ty bo­lan Nor­we­gi­ýa daş­ky gur­şa­wy aýaw­ly sak­la­mak­da nus­ga­lyk mak­sat­na­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­me­gi bi­len ta­nal­ýar. Norwegiýa ilat sa­ny­na gö­rä, iň köp elekt­rou­lag sa­tyl­ýan ýurt ha­sap­lan­ýar. Ýol he­re­ke­tin­dä­ki ulag­la­ryň 15 gö­te­ri­mi elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýär. Se­bä­bi ýurt­da şeý­le ulag­la­ryň eýe­le­ri sal­gyt­dan bo­şa­dyl­ýar we dür­li ýe­ňil­lik­ler­den peý­da­lan­ýar.
Baý ne­bit we gaz ýa­tak­la­ry bo­lan Nor­we­gi­ýa­da peý­da­la­nyl­ýan elekt­rik ener­gi­ýa­sy do­lu­ly­gy­na suw we ýel ýa­ly daş­ky gur­şa­wa hiç hi­li zy­ýan ýe­tir­me­ýän çeş­me­ler­den alyn­ýar.