Hususy ulag eýelerine öz ulaglary bilen taksi hyzmatlaryny hödürlemegine mümkinçilik berýän “Uber” öz maşynyny çykarmagy maksat edinýär. Kompaniýa sürüjisiz ulaglary öndürmek üçin şereket satyn aldy. Kompaniýanyň beren beýanatyna görä, sürüjisiz ýük ulaglaryny öndürmek üçin tehnologiýa işläp düzýän “Otto” şereketini satyn alypdyr. Bu hyzmatdaşlygyň bahasy barada maglumat berilmedi. Beýanatda “Otto” bilen “Uber”-iň ABŞ-nyň San-Fransisko, Palo Alto we Pitsburg şäherlerinde bu ugurda işlejekdikleri mälim edildi.
“Uber”-iň ýerine ýetirijiler geňeşiniň başlygy Trawis Kalanik dünýäde sanlaýyn hyzmaty hödürlemek üçin adamzada hyzmat edýan ösen logistik, emeli aň we robot ulgamlaryny ösdürmelidigini belledi.
“Uber”-iň Pitsburgdaky merkezinde sürüjisiz ulaglary döretmek maksady bilen beýleki şereketleriň we okuw mekdepleriniň hünärmenleri zähmet çekýär.
Şeýle hem beýanatda Şwesiýanyň “Volvo” kompaniýasy bilen sürüjisiz ulaglary taýýarlamak maksady bilen 300 million dollarlyk hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekilendigi mälim edildi.
Beýanatda ulaglaryň howpsuzlygy babatda “Volvo”-nyň dünýäniň öňdebaryjy şereketidigine üns çekildi. Şwed şereketi “Uber”-e şu ýylyň ahyryna çenli 100 sany SUV ulagyny öndürip berer. Bu ulaglaryň gerekli enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp, öňümizdäki aýlarda Pitsburgdaky merkezde synagdan geçiriljekdigi aýan edildi.