Ak bugdaýyň Watany hasaplanýan Türkmenistanda ýene-de bir zähmet ýeňşi gazanyldy. Döwletimiziň döredip berýän ähli mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanýan türkmen gallaçylary Watan harmanyna 1 million 400 müň tonna bugdaý hasylyny tabşyryp, borçnamalaýyn meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Oba zähmetkeşleriniň bu ýeten zähmet ýeňşiniň hormatly Prezidentimiziň pygamber ýaş toýuna gabat gelmeginiň özi hem türkmen halkynyň şatlygyny goşalandyrdy.

«Türk­me­nis­tan – Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny» ýy­lyn­da zäh­met­keş ba­ba­daý­han­la­ry­myz uly üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ýar­lar. Hormatly Prezidentimiz ta­ra­pyn­dan oba ho­ja­lyk iş­gär­le­ri­niň zäh­met ön­dü­ri­ji­li­gi­ni hem-de hü­när de­re­je­le­ri­ni art­dyr­mak, ola­ryň zäh­met şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak me­se­le­le­ri­ne uly üns be­ril­ýär. Dün­ýä bel­li kom­pa­ni­ýa­lar bi­len ýö­ri­te şert­na­ma­lar bag­la­şy­lyp, oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry yzy­gi­der­li sa­tyn al­ynýar. Tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy önüm­çi­li­giň ösüş dep­gin­le­ri­niň has-da ýo­ka­ry de­re­je­le­re ýe­ti­ril­me­gi­ne, oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­niň art­dyrylma­gy­na we ne­ti­je­de ýur­du­myz­da ma­ýa go­ýum, in­no­wa­si­ýa iş­le­ri­niň has-da iler­le­me­gi­ne ge­tir­ýär. Yl­myň, teh­no­lo­gi­ýa­nyň soň­ky ga­za­nan­la­ry­nyň oba zäh­met­keş­le­ri­niň dur­mu­şy­na berk or­naş­ma­gy ne­ti­je­sin­de, ýy­lyň-ýy­ly­na türk­men top­ra­gy­nyň ha­syl­ly­ly­gy art­dy­ryl­ýar. Müň­ler­çe kä­mil teh­ni­ka­la­ryň ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­lyň wag­tyn­da ýyg­nal­ma­gyn­da we döw­let har­ma­ny­na tab­şy­ryl­ma­gyn­da aý­ra­tyn or­ny bar.
Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da oba ho­ja­ly­gy­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Daý­han­la­ra ön­dü­ri­ji­lik­li iş­le­mä­ge, top­rak­dan bol ha­syl al­ma­ga, bo­le­lin dur­muş­da ýa­şa­ma­ga döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Ýe­tiş­di­ri­len bug­daý ha­sy­ly­ny wag­tyn­da ýyg­nap al­mak üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp ber­ýän kuw­wat­ly teh­ni­ka­la­ry gi­je-gün­di­ziň do­wa­myn­da iş çal­şy­gyn­da bök­denç­siz iş­le­dil­ýär.
Şu ýyl­ky gal­la möw­sü­min­de hor­mat­ly Prezidentimiz äh­li we­la­ýat­lar­da bo­lup, gal­la­çy ba­ba­daý­han­la­ry­my­zyň ar­ma­sy­ny ýe­tir­di. Mil­li Liderimiziň Şa ga­da­myn­dan ruh­la­nan ýur­du­my­zyň gal­la­çy­la­ry bug­da­ýyň bol ha­sy­­lyny ýe­tiş­dir­di­ler.
Şu ýyl ýur­du­my­zyň gal­la­çy­la­ry 690 müň gek­tar meý­dan­dan 1 mil­li­on 400 müň ton­na bug­daý ha­sy­ly­ny ýe­tiş­dir­di­ler. Ahal we­la­ýa­tyn­da 400 müň ton­na, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da 345 müň ton­na, Le­bap we­la­ýa­tyn­da 310 müň ton­na, Da­ş­­oguz we­la­ýa­tyn­da 265 müň ton­na we Bal­kan we­la­ýa­tyn­da 80 müň ton­na bug­daý ýyg­nal­dy. Şu ýyl gal­la meý­dan­la­ryn­da bug­da­ýyň «Säh­ra­ýy», «Ju­wan», «Bi­ta­rap», «Ýo­lö­ten-1», «Ýo­lö­ten-3», «Türk­men­ba­şy-1», «Gy­zyl­şag­la­wuk-25», «Mi-ras», «Ak­baş», «Ýu­bi­leý­na­ýa-100», «Bat­ko» we «Was­sa» ýa­ly ýo­ka­ry ha­syl­ly gör­nüş­le­ri ekil­di.
Ýur­du­my­zda ga­za­nylan bu zäh­met üs­tün­li­gin­de gal­la­çy kä­ren­de­çi­ler bi­len bir ha­tar­da äh­li oba ila­ty­nyň hem my­na­syp go­şant­la­ry­nyň bar­ly­gy gu­wan­dy­ry­jy­dyr. Hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­na gö­nük­di­ri­len yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­rin­de oba­se­na­gat top­lu­my­na mö­hüm äh­mi­ýet ber­ýän hormatly Prezidentimiziň öz­le­ri ba­ra­da­ky ala­da­la­ry­na my­na­syp zäh­met gör­ke­zi­ji­le­ri ar­ka­ly jo­gap ber­me­gi baş mak­sat­la­ry­na öw­ren ba­ba­daý­han­lar ta­ra­pyn­dan ak bug­da­ýyň bol ha­sy­ly ýe­tiş­dirildi. Hä­zir­ki dö­wür­de Gahryman Arkadagymyzyň ta­gal­la­sy bi­len, ak bug­da­ýyň Wa­ta­ny bo­lan ke­ra­mat­ly türk­men top­ra­gyn­da gal­la­çy­ly­gy ös­dür­mek bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn iş­ler giň ge­rim­de al­nyp ba­ryl­ýar. Oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň kuw­wat­ly pu­da­gy­na öwür­mek, bu pu­da­gyň iş­le­rin­de yl­myň tä­ze ga­za­nan­la­ry­ny peý­da­lan­mak we ök­de hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak ug­run­da döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan giň gol­daw be­ril­ýär.
Un ön­dür­ýän döw­re­bap ele­wa­tor­ly kär­ha­na­la­ryň, gal­la önüm­le­ri kär­ha­na­la­ry­nyň, çö­rek we çö­rek önüm­le­ri bo­ýun­ça önüm­çi­lik top­lum­la­ryň ar­t­ma­gy azyk se­na­ga­ty­nyň hem he­mi­şe ösüş­de­di­gi­ni gör­kez­ýär.

Gül­je­mal BER­DI­NA­ZA­RO­WA,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.