Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de be­dew ba­dy bi­len öňe barýan ýurdumyzda ylym, bi­lim ul­ga­my be­lent sep­git­le­ri na­zar­lap, uly üs­tün­lik­le­re bes­len­ýär. Oka­mak, bi­lim al­mak – bi­ze ata-ba­ba­la­ry­myz­dan ga­lan mi­ras­dyr. Pe­der­le­ri­miz oka­mak, ylym öw­ren­mek bi­len dün­ýä akyl ýe­ti­rip­dir­ler. Da­na ata­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň «Ki­tap okan gul­lar mag­ny­dan dok­dur» di­ýen se­tir­le­ri­ni oka­ny­myz­da hem geç­miş pe­der­le­ri­mi­ziň ki­ta­ba, ylym-bi­li­me hor­ma­ty­nyň ulu­dy­gy­ny bil­mek bol­ýar. Mil­li Li­de­ri­miz hem ata-ba­ba­la­ry­myz­dan gel­ýän ýo­ly do­wam et­mek, ola­ra sar­pa goý­mak barada hemişe nygtaýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz «Ýaş­la­ry­my­zyň ýo­ka­ry de­re­je­de bi­lim al­ma­gy­na, saý­lan hü­nä­ri­niň eýe­si bol­ma­gy­na ýar­dam ber­mek ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan äh­li öz­gert­me­le­riň öze­ni­dir» di­ýip bel­le­mek bi­len, ýaş­la­ry­my­za uly ynam bil­dir­ýär.
Ýaş­lar ýur­du­my­zyň ösü­şi­niň öze­ni­dir. Şo­nuň üçin hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ösüp gel­ýän ýaş nes­liň bi­lim de­re­je­si­niň dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne ga­bat ge­ti­ril­me­gi üçin äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip ber­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýaş­la­ra bi­lim ber­mek­de yl­myň iň soň­ky ga­za­nan­la­ry dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýar. Ýur­du­myz­da san­ly bi­lim ul­ga­my­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy hem mu­nuň aý­dyň my­sa­ly­dyr. Ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ara­syn­da gu­ral­ýan te­le­köp­rü­ler, on­laýn sa­pak­lar ta­lyp ýaş­la­ryň bi­lim de­re­je­si­niň has-da kä­mil­leş­me­gi­ne uly ýar­dam ber­ýär. Gahryman Arkadagymyzyň alyp bar­ýan şeý­le döw­let sy­ýa­sa­ty, bi­lim öz­gert­me­le­ri ýaş­lar­da gel­je­ge, ösü­şe bo­lan yna­my has hem ber­kid­ýär. Türk­men ýaş­la­ry­nyň dün­ýä de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýän olim­pia­da­lar­da, bäs­le­şik­ler­de baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bol­ma­gy­ buýsandyrýar. Bi­ziň mek­dep okuw­çy­la­ry­myz­dyr ta­lyp ýaş­la­ry­myz dün­ýä de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýän ýa­ryş­lar­da uly üs­tün­lik­ler ga­za­nyp, Wa­ta­ny­my­zyň ab­ra­ýy­na öz go­şant­la­ry­ny goş­ýar­lar.
Milli Li­de­ri­mi­ziň alyp bar­ýan ýaş­lar ba­ra­da­ky sy­ýa­sa­tyn­da mu­gal­lym­la­ryň hem üs­tü­ne uly borç ýük­len­ýär. Mu­gal­lym­lar hem ýaş nes­liň ah­lak taý­dan aras­sa, kä­mil ter­bi­ýe­li, ylym­ly, bi­lim­li bol­ma­gy üçin öz gu­jur-gaý­ra­ty­ny­ gaý­gyr­ma­ly däl­di­r.
Goý, ylym-bi­lim ul­ga­my­nyň ös­me­gi­ne, ösüp gel­ýän ýaş nes­liň ylym­ly-bi­lim­li, asyl­ly, ter­bi­ýe­li, kä­mil şah­sy­ýet­ler bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin, ata­lyk ala­da­sy­ny edýän Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun!

Dün­ýä­gö­zel Çer­ke­zo­wa,
Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň öw­re­ni­ji mu­gal­ly­my.