Türkmenistan irki döwürlerden bäri datly gawunlaryň watany hasaplanyp, köp asyrlaryň dowamynda türkmen gawuny uly şöhrata eýe bolupdyr. Dünýäniň belli jahankeşdeleri we taryhçylary türkmen gawunlary barada gyzykly maglumatlary galdyrypdyrlar. XII asyrda ýaşap geçen fransuz syýahatçysy «Men hiç ýerde şeýle datly tagamy datmandym» diýse, arap taryhçysy Köneürgenç gawunlary barada «Bütin Ýer şarynda Horezm gawunlaryna taý geljek gawun ýokdur, paçagy dökündir, eti altyndyr» diýýär. Umuman türkmen gawunlary şalaryň desterhanyna mynasyp ýokumly iýmit hasaplanypdyr. Soltan Sanjaryň, Baýram han türkmeniň we beýleki türkmen hökümdarlarynyň söýgüli tagamy gawun bolupdyr. Il arasynda aýdylýan «Gawunyňky ýüz gün, ýüz günden soň üzgün», «Gawunyň agyry, garpyzyň ýeňili», «Gawun gawundan reňk alar», «Gawun gabygyndan tanalar», diýen nakyllar müň bir derdiň dermany saýylýan türkmen gawunlarynyň gadymy döwürlerden bäri tagamly nygmat saýylýandygyna güwä geçýär. Ata-babalarymyz gawuny süýji nygmat hökmünde iýen bolsalar lukmanlar ony dermanlyk hökmünde ulanypdyrlar. Lukman Hekim ady bilen tanalýan Ibn Sina hem türkmen gawunlarynyň dürli kesellere dermandygy barada aýdyp, olary öz tebipçiliginde giňden ulanypdyr. Sebäbi gawunyň düzüminde dürli witaminler, krahmal beloklar, organiki kislotalar, dürli mineral duzlar hem-de kaliý saklanýar.
Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilýän gawunlar ýöne bir bakjaçylyk işi hasap edilmän, eýsem, ol gadymy halk däp-dessury bolup, sungat derejesine ýetilipdir. Türkmen gawunlarynyň etinden toşap, mürepbe, kak önümleri taýýarlanylýar. Ene-mamalarymyzyň ussatlyk bilen taýýarlaýan bu önümlerine häzirki wagtda hem isleg örän uly. Iýseň agzyňdan tagamy gitmeýän bu önümler ýylyň ähli döwründe saçaklarymyzyň bezegi bolup durýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň babadaýhanlary gawunlaryň 400-den gowrak görnüşini ösdürip ýetişdirýärler. Olaryň ussatlyk bilen ýetişdirýän gawun-garpyzlary tagamy, ululygy-kiçiligi, daşky görnüşi, bişýän wagty boýunça tapawutlanýar. Gawunyň çalt bişýän «zamça», «ternek», «kyrkgünlük» ýaly görnüşleri maý aýynyň ahyrlarynda bişip ýetişýär. Giçki görnüşi bolan «garrygyz» güýzde ýetişip, bu gawuny uzak wagtlap saklap bolýar. Ol tagamy boýunça tomusky gawunlardan tapawutlanýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýäde deňsiz-taýsyz hasaplanýan türkmen gawunlarynyň ata-babalarymyzdan miras galan görnüşlerini saklamak, täzelerini döretmek, hilini gowulandyrmak üçin ussat seçgiçi daýhanlarymyza döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär. Babadaýhanlarymyzyň halal zähmetlerine mynasyp baha berilýär. Bu bolsa olary täze zähmet üstünliklerini gazanmaga, has ýokary sepgitlere ýetmäge, edermen daýhanlarymyzyň ene topraga bolan yhlasyny, ondan bol hasyl öndürmäge, halal zähmetiniň hözirini görüp, bagtyýar ýaşamaga höwesini artdyrýar, ata-babalarymyzyň daýhançylyk däplerini has-da kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär.
Çynar Berdikulyýewa,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat
Türkmenbaşy etrap komitetiniň hünärmeni.