Angliýanyň Liwerpul şäheriniň alymlary, emeli aň tehnologiýasy bilen işleýän robot-alymy döretdiler. Ol hakyky adam ölçeginde bolup, günde 21 sagatdan gowrak işleýär we diňe zarýad almak üçin “arakesmä” çykýar. Robotyň ugry “himik” bolup, adaty laboratoriýada işleýär we adamlaryň birnäçe aýda edýän himiki barlaglaryny, birnäçe günüň içinde özbaşdak ýerine ýetirýär. Robotyň eýýäm täze katalizatorlary tapandygy mälim edildi. Robot ilkinji synagynda polimer fotokatalizatorlaryň işini gowulandyrmak üçin hödürlenen gipotezalary derňemek üçin programmirlendi. Bu gözlegde, robot-alym birnäçe aýda ýerine ýetirip boljak işi ýerine ýetirdi. Robot sekiz günüň dowamynda 688 synag geçirdi we alty esse işjeň katalizatory özbaşdak öndürmegi başardy. Şeýle hem, robot çendenaşa agramy ölçemek, suwuklyklary dargatmak, howany bölmek, katalitik reaksiýa geçirmek we reaktiw önümleri bahalandyrmak ýaly işleri ýerine ýetirdi. Hünärmenleriň pikiriçe robot adamlardan 1000 esse çalt işlemek mümkinçiligine eýe.