Şypahana-dynç alyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy, jemgyýetiň hem-de her bir adamyň döredijilik başarnyklaryny has doly açmaga ýardam berýän oňaýly durmuş gurşawyny kemala getirmekde bu ulgamyň ornunyň pugtalandyrylmagy «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlenendir.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy, me­de­ni, ylym-bi­lim kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­le­r ama­la aşy­ryl­ýar, her bir ra­ýa­ty­my­zyň göw­ne­jaý dynç al­ma­gy üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Mu­nuň özi, il­kin­ji no­bat­da, adam hakyn­daky ala­da­nyň esa­sy bo­lup dur­ýan­dy­gy­nyň şa­ýa­dy­dyr. Adam ha­kyn­da­ky ala­da bol­sa mil­li Li­de­ri­mi­ziň dur­muş sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ru­dyr. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li iş­le­riň ne­ti­je­sin­de, hä­zir­ki wagt­da her bir türk­me­nis­tan­ly ýe­ke bir to­mus­ky dynç alyş döw­rün­de däl-de, ýy­lyň is­len­dik pas­lyn­da göw­ne­jaý dynç al­mak hem-de sag­ly­gy­ny ber­kit­mek müm­kin­çi­lik­le­ri­ne eýe­dir.
Di­ýa­ry­my­zyň iň tä­ze ýö­ri­te en­jam­lar hem-de öň­de­ba­ry­jy luk­man­çy­lyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len üp­jün edi­len şy­pa­ha­na we dynç alyş mer­kez­le­rin­de, şol san­da maş­ga­la bo­lup, wag­ty peý­da­ly ge­çir­mek hem-de sag­ly­gy ber­kit­mek üçin äh­li amat­ly şert­ler dö­re­di­len­dir.
Şy­pa­ha­na-dynç alyş ul­ga­my­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy, jem­gy­ýe­tiň hem-de her bir ada­myň dö­re­di­ji­lik ba­şar­nyk­la­ry­ny has do­ly aç­ma­ga ýar­dam ber­ýän oňaý­ly dur­muş gur­şa­wy­ny ke­ma­la ge­tir­mek­de bu ul­ga­myň or­nu­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň mö­hüm we­zi­pe­le­ri­niň ha­ta­ryn­da kes­git­le­nen­dir. Türk­me­nis­tan­da ama­la aşy­ryl­ýan dur­muş sy­ýa­sa­ty­nyň çäk­le­rin­de dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän tä­ze sag­lyk mak­sat­ly bi­na­la­ryň gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi, paý­tagt şä­he­ri­miz­de we we­la­ýat, et­rap mer­kez­le­rin­de luk­man­çy­lyk yl­my­nyň soň­ky ga­za­nan­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan sag­lyk mer­kez­le­ri­niň gu­rul­ma­gy, sport mek­dep­le­ri­niň, sta­di­on­la­ryň ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi ila­tyň ýa­şa­ýyş hi­li­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na ýar­dam ber­ýän şert­ler­dir.
Bi­ziň baş mak­sa­dy­myz – hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak we ber­kit­mek, jem­gy­ýet­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni wa­gyz et­mek bo­lup dur­ýar di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bel­le­ýär. Köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny ös­dür­mä­ge uly möç­ber­de ma­ýa go­ýul­ýar.
Şy­pa­ha­na ul­ga­my – ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň mö­hüm bö­le­gi, hor­matly Preziden­ti­mi­ziň yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­ýän dur­muş sy­ýa­sa­ty­nyň äh­mi­ýet­li ug­ry bo­lup dur­ýar. Bu gün ýur­du­my­zyň her we­la­ýa­tyn­da döw­re­bap şy­pa­ha­na­lar bo­lup, olar­da ke­sel­le­riň öňü­ni al­ma­gyň we be­jer­me­giň dä­be öw­rü­len usul­la­ry, şeý­le hem ýo­ka­ry ne­ti­je­li­li­gi­ni su­but eden in­no­wa­si­on luk­man­çy­lyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry tä­sin te­bi­gy we ho­wa şert­le­ri bi­len ut­gaş­dy­ryl­ýar.
Ýur­du­my­zyň öz­bo­luş­ly ho­wa gur­şa­wy şy­pa­ha­na dü­zü­mi­ni ös­dür­me­giň mö­hüm şer­ti­ni eme­le ge­tir­ýär. Dür­li te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­lar ýur­du­my­zyň hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki şy­pa­ha­na ul­ga­my­na öw­rül­me­gi­ne müm­kin­çi­lik dö­red­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň baý dynç alyş se­riş­de­le­ri şy­pa­ha­na-dynç alyş işi­ni güýç­li dep­gin­ler bi­len ös­dür­mä­ge şert­le­ri dö­red­ýär. Soň­ky ýyl­la­ryň do­wa­myn­da bu ul­ga­myň düýp­li döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de öz müm­kin­çi­lik­le­ri­ni we se­riş­de­le­ri­ni ep-es­li ýaý­baň­lan­dyr­dy. Häzirki wagtda ýurdumyzda hal­ka­ra de­reje­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän köp gör­nüş­li hyz­mat­la­ry hö­dür­le­ýän aja­ýyp şy­pa­ha­na-dynç alyş eda­ra­la­ry, dynç alyş öý­le­ri, sa­gal­dyş mer­kez­le­ri iş­le­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň te­bi­gy-be­je­riş baý­lyk­la­ry­ny öw­ren­mek we ne­ti­je­li peý­da­lan­mak bo­ýun­ça yl­my-göz­leg iş­le­ri do­wam et­di­ril­ýär. Hor­matly Pre­zi­den­ti­miziň «Türk­me­nis­tan – mel­hem­ler me­ka­ny» at­ly ki­ta­by Türk­me­nis­ta­nyň te­bi­gy-be­je­riş baý­lyk­la­ry­ny öw­ren­mek we ne­ti­je­li peý­da­la­nmak bo­ýun­ça yl­my-göz­leg işi nuk­daý na­zar­dan ýur­duň dynç alyş müm­kin­çili­gi bi­len gi­ňiş­le­ýin ta­nyş­dyr­ýar. Ýur­du­my­zyň çäk­le­rin­den da­şar­da hem meş­hur bo­lan, täsin howaly, mi­ne­ral çeş­me­li we be­je­ri­ji pal­çyk­ly «Mol­la­ga­ra», «Awaza», «Arç­man», «Baý­ra­ma­ly», «Ýy­ly suw», «Ber­zeň­ňi», «Fa­rap», «Daşoguz» ýa­ly şy­pa­ha­na­la­ra il­deş­le­ri­mi­ziň we da­şa­ry ýurt­ly myh­man­la­ryň gy­zyk­lan­ma­sy bar­ha art­ýar.
Mil­li luk­man­çy­ly­gy düýp­li ös­dür­mek­de, ony ýo­ka­ry de­re­je­le­re çy­kar­mak­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, aka­de­mik, luk­man­çy­lyk we yk­dy­sa­dy ylym­la­ryň dok­to­ry, pro­fes­sor Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş­läp taý­ýar­lan «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy mö­hüm orun eýe­le­ýär. Mak­sat­na­ma­nyň 25 ýy­lyň do­wa­myn­da tap­gyr­la­ýyn esas­da ama­la aşy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de ne­ti­je­li jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my eme­le gel­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ýa­daw­syz ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de, ýur­du­myz­da sag­dyn iý­mit­len­mek, ýo­kanç däl ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak, zy­ýan­ly en­dik­ler­den el çek­mek, zäh­me­ti we dynç al­şy ut­gaş­dyr­mak, sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­mak ýa­ly ugur­lar ber­ki­dil­ýär. Bu çä­re­ler adam öm­rü­niň uzal­ma­gy­ny, ke­sel­çi­li­giň de­re­je­si­niň pe­sel­me­gi­ni üp­jün et­di. Şeý­le hem ra­ýat­la­ryň öz sag­ly­gy­ny go­ra­mak ba­bat­da so­wat­ly­lyk dü­şün­je­si ýo­kar­lan­dy. «Açyk ga­py­lar» sy­ýa­sa­ty­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de da­şa­ry ýurt­lar bi­len hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry gi­ňel­dil­ýär. Sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da Ger­ma­ni­ýa­nyň, Awst­ri­ýa­nyň, Ýa­po­ni­ýa­nyň, ABŞ-nyň, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň, Rus­si­ýa­nyň, Be­la­ru­suň, Tür­ki­ýä­niň we beý­le­ki döw­let­le­riň luk­man­çy­lyk hem-de yl­my-bar­lag eda­ra­la­ry bi­len gat­na­şyk­lar ýo­la go­ýul­dy we iş­jeň­leş­di­ril­ýär. Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy­nyň bi­ler­men­le­ri­niň bel­le­ýiş­le­ri ýa­ly, hormatly Prezidentimiziň ama­la aşyr­ýan sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de öň­de­ba­ry­jy da­şa­ry ýurt tej­ri­be­le­ri­niň esa­syn­da ýurdumyzda sag­ly­gy go­raý­şyň mil­li ug­ru­ny ke­ma­la ge­tir­mek­de oňyn ne­ti­je­ler ga­zanyl­dy. Mu­nuň özi dün­ýä­niň köp ýurt­la­ry üçin nus­ga­lyk­dyr.
Hä­zir­ki dö­wür­de jem­gy­ýet­de aba­dan­çy­ly­gyň ýo­ka­ry de­re­je­si­niň ga­za­nyl­ma­gy, ýag­ny ila­tyň ýa­şa­ýyş de­re­je­si­niň ýo­ka­ry bol­ma­gy iş­jeň dynç alyş hyz­mat­la­ry­nyň giň gör­nüş­le­ri­niň hö­dür­len­me­gi­ne şert dö­red­ýär. Şun­da ýur­du­myz­da iri mak­sat­na­ma­la­ry ama­la aşyr­ma­gyň esa­syn­da dö­re­dil­ýän dur­muş-me­de­ni şert­ler ra­ýat­la­ryň ru­hy is­leg­le­ri­niň ýo­ka­ry de­re­je­de ka­na­gat­lan­dy­ryl­ma­gy­ny üp­jün et­mek bi­len, olar mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ösen de­re­je­si­ne hem şa­ýat­lyk ed­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ila­ta edil­ýän hyz­mat­lar ul­ga­my­ny mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek mö­hüm ugur­la­ryň bi­ri­dir. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň baý, tä­sin di­kel­diş se­riş­de­le­ri­niň, aja­ýyp te­bi­gy kün­jek­le­ri­niň Türk­me­nis­ta­ny meş­hur hal­ka­ra sa­gal­dyş we sy­ýa­hat­çy­lyk mer­ke­zi­ne öwür­mä­ge ýar­dam ed­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär.
Mil­li Li­de­ri­miz, oza­ly bi­len, ýo­ka­ry de­re­je­li luk­man hem-de alym hök­mün­de dynç al­ma­gyň sag­ly­gy ber­kit­mek bi­len ut­gaş­dy­ryl­ma­gy­nyň ön­dü­ri­ji­lik­li iş­le­mek üçin uly äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­ni oňat bil­ýär. Şun­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­ma­gyň äh­mi­ýe­ti­ne ün­si çek­ýär.
Bu gün paý­tag­ty­myz­da we Di­ýa­ry­my­zyň äh­li se­bit­le­rin­de döw­re­bap be­den­ter­bi­ýe-sport top­lum­la­ry we beý­le­ki ugur­daş des­ga­lar he­re­ket ed­ýär, ýur­du­my­zyň sa­gal­dyş we dynç alyş mer­kez­le­ri­niň äh­li­sin­de sport meý­dan­ça­la­ry, ýü­zül­ýän suw how­dan­la­ry we dür­li tür­gen­le­şik en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­len fit­nes-zal­lar göz öňün­de tu­tu­lan­dyr.
Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de dö­re­dil­ýän me­de­ni-dynç alyş mer­kez­le­rin­de, sport we sa­gal­dyş top­lum­la­ryn­da ösüp bar­ýan ýaş ne­sil­le­riň öz ukyp­la­ry­ny açyp gör­kez­me­gi üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler üp­jün edil­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy esa­syn­da dö­re­di­len «Al­tyn kö­lüň» ke­na­ryn­da­ky dynç alyş zo­la­gy hem sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ke­ma­la gel­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär.
Umu­man, zäh­met rug­sa­dy döw­rün­de aň­ry­baş amat­ly şert­ler­de dynç al­mak hem-de wag­ty peý­da­ly ge­çir­mek, ene top­ra­gyň gu­jur-gaý­rat ber­ýän tä­si­rin­den dö­re­di­ji­lik­li zäh­met üçin tä­ze güýç top­la­makda Türk­me­nis­tan­da äh­li şert­ler we müm­kin­çi­lik­ler bar.