Hormatly Prezidentimiz: «Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär, diýmek biz ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris» diýip belleýär we bu ugurda düýpli işleri amala aşyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler biziň her birimizi aýratyn buýsandyrýar. Ýurdumyzda döwrebap bilim düzümi döredilip, bilimiň täze usullaryny özleşdirmekde, ilatyň bilim derejesini ýokarlandyrmakda baý tejribe toplanyldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen ýaşlarynyň döwrebap bilim almagy ugrunda uly işler alnyp barylýar. Ýokary okuw mekdepleri milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak babatda mynasyp goşant goşýar. Şu ýyl hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine hem-de orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul edişlik döwri başlandy.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine 14 müň 337 talybyň kabul ediljekdigi, olaryň sanynyň geçen ýyldakydan 2 müň 95 adam köp bolmagy ýaşlaryň dürli ugurlar boýunça bilim almagyna döwrebap şertleriň döredilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Orta hünär okuw mekdeplerine bolsa 9 müň 490 okuwçynyň kabul edilmegi göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim aljak türkmen ýigitleri we gyzlary milli we dünýä ykdysadyýetiniň talaplaryna laýyk gelýän hünär endiklerini ele almaga çalyşarlar.
Milli Liderimiziň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna hem-de sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, bilim ulgamynyň ylym we önümçilik gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Ýurdumyzda iň gowy dünýä tejribesi içgin öwrenilýär, daşary ýurtlaryň bilim we ylym merkezleri bilen gatnaşyklar giňeldilýär, innowasion önümçilikleri özleşdirmek üçin hünärmenleri daşary ýurtlara ibermek hem-de beýleki döwletlerden hünärmenleri çagyrmak iş tejribesi döwlet derejesinde goldanylýar. Milli Liderimiziň yzygiderli goldawy netijesinde, Türkmenistanyň mekdep okuwçylary hem-de talyplary halkara we döwlet bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanýarlar, munuň özi geljekki alymlaryň hem-de ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna oňat täsirini ýetirýär. Okuw meýilnamalary we maksatnamalary, okuw gollanmalary yzygiderli täzelenilýär, many-mazmuny baýlaşdyrylýar, häzirki döwürde ykdysadyýetiň möhüm bölegi bolan sanly bilim ulgamy ösdürilýär. Ýokary okuw mekdeplerinde innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak şu günüň ykdysadyýetiniň talaplaryna laýyk gelýän maddy-tehniki binýadyň gowulandyrylmagy bilen berk baglydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň kuwwatly tehniki maddy-tehniki binýady bilen abzallaşdyrylan täze binalar yzygiderli gurulýar.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, möhüm ugurlarda ýöriteleşdirilen täze ýokary okuw mekdepleriniň hem-de şolaryň binýadynda ylmy-barlag institutlarynyň döredilmegi bilimiň derejesini hem-de hilini, ylmy-barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, bu ulgamlaryň sazlaşykly ösýändigine hem-de dünýäniň intellektual giňişligine işjeň goşulyşýandygyna şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiz: «Watanymyzyň geljegi täze hünärmenleriň bilimlerine we başarnyklaryna baglydyr» diýip, röwşen geljegiň eýeleri bolan ýaş alymlara uly ynam bildirýär. Ýurdumyzda ylym-bilimiň ösmegi ugrunda beýik başlangyçlary bilen çykyş edýän, bu ugurda taýsyz tagallalary alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun! Ylym ulgamyny ösdürmek, onuň mümkinçilikleriniň gerimini giňeltmek, şol bir wagtyň özünde ösen innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak işleri boýunça alyp barýan adyl syýasatlary mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Güljahan NURLYÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.