Gü­nüň ba­ty­şy­na to­ma­şa et­me­giň ja­dy­laý­jy tä­si­ri bar. Sy­ýa­hat­çy­lar şol pur­sa­ta to­ma­şa et­mek üçin de­ňiz ke­na­ry, dag ger­şi ýa­ly Gü­nüň gy­za­ryp bat­ýan se­bit­le­ri­ne bar­ýar­lar. Gü­nüň ýaşma­gy bi­len peý­da bol­ýan gö­ze ýa­kym­ly bu aja­ýyp te­bi­gy gör­nüş, ru­hy dynç­lyk we ra­hat­lyk ber­ýär. Gün ba­tan­da şa­pak gy­za­ryp gök as­man­da gy­zyl reňk­li ýaý­raň ýal­kym eme­le gel­ýär. Gi­je­si­ne as­ma­nyň reň­ki ga­ra hem ga­raň­ky, ýö­ne bir­nä­çe sa­gat­dan soň gy­zyl reň­ke gark bol­ýar. El­bet­de, mu­nuň yl­my esas­la­ry bar.
Ge­liň, as­ma­nyň reň­ki­niň nä­hi­li üýt­ge­ýän­di­gi­ne se­re­de­liň!

Ir­den we ag­şa­ma­ra as­ma­nyň ýü­zi açyk gök­den go­ýy gy­zyl ara­ly­gyn­da dür­li reňk­li öwüs­ýär, ýö­ne bu ýag­daý he­mi­şe beý­le bol­ma­ýar. Gün şöh­le­si at­mos­fe­ra­myz­da peý­da bo­lan ma­ha­ly ak reňk­li bo­lup, älem­go­şa­ryň äh­li reňk­le­ri­ni özün­de jem­le­ýär. Gün şöh­le­si at­mos­fe­ra­da­ky gaz mo­le­ku­la­la­ry­ny dür­li tol­kun uzyn­lyk­la­ry­na böl­ýär we bö­lü­nen yşyk­lar dür­li tiz­lik­de he­re­ket ed­ýär. Dür­li reňk­le­ri gör­me­gi­mi­ziň se­bä­bi tol­kun­la­ryň tiz­li­gi­niň ta­pa­wut­ly bol­ma­gy­dyr. Gün­den gel­ýän şöh­le tol­kun­la­ry mo­le­ku­la­la­ryň üs­ti bi­len dür­li ta­rap­la­ra ýaý­ra­dyl­ýar. Mu­ňa bol­sa as­ma­nyň reňk çal­şy­gy di­ýil­ýär. Gün şöh­le­le­ri ýe­re ýet­män­kä at­mos­fe­ra­da ýaý­ra­ýar. Gök reňk beý­le­ki­le­re gö­rä has çalt he­re­ket ed­ýär we köp ýaý­ra­ýar. Ne­ti­je­de, beý­le­ki reňk­le­ri hem öz içi­ne al­ýar. Şol se­bäp­li gü­nüň do­wa­myn­da gök reň­ki köp gör­ýä­ris. Gün tol­kun­la­ry gün do­gan­da we gün ýa­şan­da go­ri­zon­tal bo­lan­soň, beý­le­ki reňk­ler bi­len deň ýaý­ra­ýar. Şol se­bäp­li gy­zyl reňk­le­ri gö­rüp bil­ýä­ris.
Gü­nüň do­gup-bat­ýan wag­ty as­ma­nyň reň­ki­niň üýt­ge­me­gi­niň ýe­ne bir se­bä­bi bu­lut­lar­dyr. Ýer ýü­zün­den bir­nä­çe km ýo­kar­da eme­le gel­ýän bu­lut­lar Gün şöh­le­si­ni Ýe­re ýet­män­kä yzy­na ser­pik­dir­ýär.
Su­rat­çy­lar Gün ba­ty­şy­nyň güýz­de we gyş­da has owa­dan bo­lup gö­rün­ýän­di­gi­ni nyg­ta­ýar­lar.