Wagtynda ýatyp, wagtynda turuň! Bu siziň fiziki we ruhy taýdan sagdyn ösmegiňiz üçin zerurdyr.
Eliňizi ýuwuň! Nahardan öň we soň, daşardan öýe geleniňizde, irden turanyňyzda, agşam ýatmazdan öň, haýsydyr bir sebäp bilen hapalananda eliňi ýuwmak saglygyňyz üçin ähmiýetlidir.
Kitap okaň! Öz ýaşyňyza gabat gelýän erteki, hekaýa we beýleki kitaplary okamak, surat çekmek siziň söz baýlygyňyzy, ukyplaryňyzy artdyrar, dünýägaraýşyňyzy giňelder.
Telewizory azrak görüň! Yzygiderli we uzak wagtlap telewizoryň, kompýuteriň ýa-da telefonyň başynda oturmak siziň göz we beden saglygyňyz üçin zyýanlydyr. Ekranly enjamlaryň başynda oturjak wagtyňyzy öňünden kesgitläň!
Hereket ediň! Ýaşyňyza görä oýunjaklary oýnamagyň peýdalydygyny unutmaň! Dürli hereketleri, pikirlenmegi öwredýän oýnawaçlar beden we zehin taýdan kämilleşmegiňiz üçin zerurdyr.
Arassaçylyga üns beriň! Otagyňyzy, stoluňyzy, kitap tekjäňizi we özüňize degişli beýleki zatlary özüňiz arassalaň! Eşikleriňizi tertipli goýuň! Arassaçylygy endigiňize öwrüň!