Meşhur aktýor Brýus Li başa-baş göreş boýunça ussat hem-de filosof we şahyr bolupdyr. Amerikan internet portallarynyň biri “Brain Pickings”-de ilkinji gezek “Durmuşyň suratkeşi” atly ýygyndy goýlup, onda Brýus Liniň filosofik bellikleri, şygyrlary we hatlary jemlenipdir.
Aktýor 60-njy ýyllaryň ahyrynda eden belliklerinde filosof Lao Szynyň sözlerinden sitatalary getirýär we öz oý-pikirlerini belli bir tertibe salyp, beýan edýär. Brýus Li özüniň durmuşa bolan garaýşyny şeýle teswirleýär: “Öz islegdir arzuwlaryňyza ünsüňizi jemläň. Içiňizde bolup geçýän zatlara asudalyk bilen serediň. Sen ygtyýar bermeseň, hiç kim seni kemsidip bilmez. Ruhy taýdan özüňize aşa ýokary baha bermäň”.
Brýus Li San-Fransiskoda dogulýar, ýöne Gonkongda kemala gelýär. Ol çagalygyndan kinoda oýnap başlaýar we tiz wagtda kinolaryň gahrymany hökmünde uly meşhurlyga eýe bolýar. Onuň surata düşen filmleri uly üstünlik gazanýar. Brýus Li 1973-nji ýylda 32 ýaşynda aradan çykýar. Ol aradan çykandan soňra, onuň döredijiligi we durmuşy barada 30 töweregi film surata düşürilýär.