“ABŞ-nyň Ýel uniwersitetiniň alymlary 12 ýylyň dowamynda 50 ýaşdan ýokary 3635 adama gözegçilik edipdirler. Olaryň ählisi ömrüň dowamlylygy boýunça uly barlaga gatnaşypdyrlar. Ýöne okamak bilen baglanyşykly okyjylara berlen sowallar has gysga bolupdyr” diýip, “The New York Times” ýazýar.
Alymlar ähli pikir soralanlary üç topara bölüpdirler: 1. Hiç okamaýanlar, 2. Hepdede 3,5 sagat okaýanlar, 3. Hepdede 3,5 sagatdan has köp okaýanlar.
Pikir soralyşygyň netijesinde, esasan, ýokary bilimli we girdejileriniň derejesi ýokary bolan zenanlar has köp kitap okaýandygy belli bolupdyr. Bulardan başga-da, alymlar gatnaşyjylaryň ýaşyny, jynsyny, saglyk we maşgala ýagdaýyny nazara alypdyrlar.
— Ahyrky görkezijilere adamyň gurplulyk, bilim derejesi, akyl ýetiriş ukyby we beýleki köp sanly baglanyşykly sebäpler täsir edýär – diýip, Ýel uniwersitetiniň professory, barlagyň utgaşdyryjysy Bekka R. Lewi aýdýar. Şeýlelikde, hepdede iň bolmanda, 3,5 sagat kitap okamak bilermenleriň pikirine görä, 17 göterim ömrüňi uzaldýar. 3,5 sagatdan köpräk okaýanlarda şeýle ähtimallyk 23 göterime barabar bolupdyr. Şeýle hem, okamagy söýýänler ömründe eline hiç kitap alyp görmediklere garanyňda, 2 ýyl uzak ýaşaýan eken.