“Google” kompaniýasy Hindistanda sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy üçin 10 milliard dollar möçberinde maýa goýumy özleşdirmegi maksat edinýär. Bu barada “Alphabet Inc.” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Sundar Piçai habar berdi.

“Google” kompaniýasynyň onlaýn ýagdaýda geçirilen dabarasynda çykyş eden Sundar Piçai maýa goýumlaryň sanly tehnologiýanyň ösdürilmegine hem-de tehnologiýany jemgyýetçiligiň peýdasyna ulanmaga gönükdiriljekdigini mälim etdi. Bu maýa goýumlar “Sanly Hindistan” taslamasyna uly goşant bolar.

Dünýäniň iň köp ilatly ýurdy bolan Hindistanda 500 milliondan gowrak internet ulanyjysy bar. Umuman, Hindistan bazary “Google” internet kompaniýasy üçin amatly bazarlaryň biridir.

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň “Sanly Hindistan” (“Digital India”) taslamasy hindi daýhanlarynyň, ýaşlarynyň we telekeçileriniň durmuşyny üýtgetmek üçin tehnologiýanyň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga gönükdirilen taslamadyr.

“Google” ençeme ýyldan bäri Hindistanda uly maýa goýumlaryny özleşdirýär. 2015-nji ýylda 300 müň obadaky 28 milliona golaý zenanyň internetden peýdalanmagy üçin “Internet Saathi” maksatnamasyny ýola goýupdy.